Mähriban watanymyzda ösümlikler dünýäsiniň görnüşleriniň ýedi müňe golaý görnüşleri duş gelýär. Şolaryň biri hem zeýtun agajydyr. Zeýtun agajy botaniki häsiýeti boýunça günorta ýurtlarda ösýän, ähli pasyllarda gök salyp oturýan, boýy 10 -15 metre çenli ýetip, emeli usulda hatarasy hojalyk şertlerinde dürli görnüşde ekilýän, gurak hem sowuk ýelleri halamaýan, aram toýunsöw ýerlerde bol hasyl berýän gymmatly subtropik, bagçylyk ekinlere degişli ösümlikdir. Nusgawy edebi eserlerde we çeper şahyrana gazallarynda zeýtun sözi sarymtyl-ýaşyl reňki aňladyp bu sözüň manysy ,, bejeriş häsiýetli birinji göwher’’, ,,zybaly zeberjet’’, “suwuk tylla’’ görnüşlerde duş gelýär. Irki orta asyrlarda zeýtun agajy dünýä halklarynda ýagşy umytlaryň, ylalaşygyň, şatlykly ýaşaýşyň, dowamatyň, berekediň, adalatyň, pugtalanýan ösüşleriň, gözelligiň, täzeçilligiň nyşany hökmünde kabul edilipdir. Lukmançylyk ylmynyň nyşanyndaky goşa ýylanly hasa hem zeýtun şahasynyň bolmagy köplerde uly gyzyklanma, bilesigelijilik döredýär. Irki orta asyrlarda olimpia oýunlaryň gadymy görnüşleri boýunça çalasynlyk, çeýelik, merdanalyk, batyrlyk, ussatlyk we adatdan daşary ezberlik bilen tapawutlanyp uly gahrymançylyk görkezip, ýeňiş gazanan türgenlere diňe zeýtun agajynyň şahalaryndan dürli görnüşlerde örülen, täç görnüşinde halkalaýyn çemen baglanan başgaplary geýdirilip sowgat berilmek däbi bolupdyr. Bu durmuş taglymatyň rowaçlanmagynyň ilkinji wekilleri Gerakl, Pifagor, Sokrat, Domokrit, Fales, Ksenofen, Platon ýaly alymlar bolupdyrlar. Zeýtun agajynyň parahatçylygyň, raýdaşlygyň, näzikligiň, dogumlylygyň, sagdynlygyň we dostlugyň nyşany hökmündäki çeper waspnamalar, tarypnamalar, bejerijilik häsiýetleriniň alamatlary, ähmiýetleri barada dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň, ykballary mähriban watanymyz bilen bagry badaşan orta asyr alymlaryň 200-den gowragynyň eserlerinde, traktatlarynda, ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýär. 1945–nji ýylda BMG-nyň we onuň düzümindäki ähli halkara guramalarynyň baýdaklarynda parahatçylyk söýüjilik medeniýetiniň nyşany hökmünde zeýtun pudagynyň şekillendirilendirilen nusgalary tassyklanýar. Döwlet Baýdagymyzyň gyzyl-gyrmyzy zolagynyň aşaky böleginden başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagynyň şekillendirilendirilen keşbiniň halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, parahatçylyk söýüjilik medeniýetiniň nyşany bolup ýer ýüzüne buşlap dumagy köpleri buýsandyrýar. 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde ,,Halkara parahatçylyk gününi her ýylyň 21-nji sentýabrynda bellemek’’ hakynda taryhy karar kabul edildi. BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň 2019-njy ýylda geçirilen 40-njy ýubileý maslahatynda parahatçylygyň nyşany hökmünde her ýylyň 26-njy noýabryny halkara zeýtun baglarynyň güni hökmünde belläp geçmek hakynda taryhy kararyň tassyklanmagy köpleriň şatlygyny artdyrdy. Dünýä halklarynyň sungat eserlerinde köki-bagtyýarlyk elwanyna, baldagy-şähriýarlaryň şepagatyna, pudagy-hümmetliligiň şabazyna, şahasy-sahylyk röwşenine, ýüpek ýaly ýapragy-ak säherleriň saba ertirleriň gözelligine, hasyly-jan beriji melheme, saýasy-şalaryň mejlisiniň dürlerine, ysy-rähmediň yşkyna deňelen zeýtun baglarynyň ekilýän çäkleri, alynýan hasylylyk derejeleri güneşli diýarymyzda ýyl geçdigiçe artmagy aýratyn guwandyryjydyr. Iýmitlik gymmaty ýokary, adam bedenine örän peýdaly, ýokumly maddalara baý bolan zeýtun ösümligi mähriban watanymyzda ilkinji gezek 100 ýyl mundan ozal emeli usulda Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky Ösümlikleriň synag merkezinde, welaýatyň ,,Magtymguly’’ ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynda bagçylyk maksatlary üçin 11 görnüşini ekmeklik giňden peýdalanylyp başlandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler’’ atly ylmy-ensiklopedik eserinde türkmen tebygatyny bezegi bilan zeýtun baglarynyň gymmatynyň köptaraply nygtalyp geçilmegi kalbyňy ganatlandyrýar.
Nurberdi Mämedow
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri