TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / SAGLYK — DURMUŞYMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY
09.10.2026 Çäk birleşmeler

SAGLYK — DURMUŞYMYZYŇ BAŞ BAÝLYGY

   Şu gün Garaşsyzlyk etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär ussatlygy, tutanýerli zähmeti hem-de ilatyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işleri aýratyn bellenilip geçildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, kesellere wagtynda anyklaýyş we netijeli bejeriş işlerini geçirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen düýbi tutulan giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, döwrebap lukmançylyk merkezlerini we hassahanalary gurmaga, olary öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu aladalar saglygy goraýyş işgärleriniň öz işlerine has-da jogapkärçilikli çemeleşmeklerine, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyzlyk etrap hassahanasynyň işgärleri hem halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we näsaglara degişli lukmançylyk kömegini bermek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda özleriniň göreldeli zähmeti, hünärine ygrarlylygy we işde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan işgärlere aýratyn hormat-sarpa bildirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garaşsyzlyk etrap birleşmesi tarapyndan tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu bolsa saglygy goraýyş işgärleriniň yhlasly zähmetine goýulýan sarpanyň, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna berilýän bahanyň aýdyň beýany boldy. Dabarada çykyş edenler lukmançylyk işgärleriniň il saglygyny goramak ýaly asylly we jogapkärli kärde alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Baýramçylyk çäresi ruhubelentlige, hoşniýetli arzuwlara we mähirli gutlaglara beslendi. Şeýle çäreler saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň ähmiýetini has-da artdyrmak bilen birlikde, olaryň zähmet joşgunyny ýokarlandyrmaga, kärdeşleriň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýär.

     Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda bize işlemäne, döretmäne şeýle mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almaklygyny arzuwladylar.

 

Baýrammyrat Çowdyrow  

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Garaşsyzlyk etrap birleşmesiniň esasy hünämeni         

Degişli Habarlar