TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TÜRKMEN ALABAÝY
TÜRKMEN ALABAÝY
09.10.2026 Çäk birleşmeler

TÜRKMEN ALABAÝY

   Bu gün kämil häsiýetleri bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ýagdaýda ykrar edilen türkmen alabaýy dünýäniň medeni mirasynyň genji hazynasyndan mynasyp orun aldy. Alabaý türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr. Wepalylygyň we mertligiň nusgasy bolan türkmen alabaýy barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň zehin paýhasyndan çykan “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitabynyň “Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim” diýen soňky bölüminde “Müňlerçe ýyllyk geçmiş taryhymyza göz aýlasak, türkmeniň şöhrata beslenen argamak bedew aty bar, öljegini bilse-de, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý iti bar” diýip belläp geçýär. Hakykatdan-da bu gün itleriň bu ajaýyp tohumy dünýäniň iňbir hüşgär, eýesine wepaly, gaýduwsyz, çydamly we arassa ganly it tohumlarynyň biri hasaplanýar. Gadymy türkmen topragynda şeýle ajaýyp häsiýetleri bolan alabaý itleriniň tohumy kemala gelipdir. Biz alabaýlaryň şeýle ajaýyp häsiýetlerini hasaba almak bilen 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň şekilini saýlap aldyk. Alabaýlar seredende gurdy hem tisgindirip bilýär. Bu tohum dünýäniň ýüzünde bar bolan 400-den gowrak tohum itleriň içinde iňbir inçe häsiýete eýe bolan milli we gorag itleriň biri hasaplanýar. Bu itler daýaw göwresi we uly penjesi bilen hem-de göwresine görä agramynyň agyrlygy bilen juda meşhurdyr. Türkmen alabaýy dünýäniň owçarka, rotweiler, labrador retriewer, tazy, hasky ýaly meşhur it tohumlary bilen deňhatarda dünýä ýüzünde meşhurdyr. Biziň diýarymyzda bu milli gymmatlygymyzy dünýä derejesinde ebedileşdirmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramynyň  uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilmegi bolsa bu ugurda edilýän şol ajaýyp işlerdan ajaýyp nyşandyr.  

    Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Ata- babalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy giňden öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys!

 

Tirkeşbaý Ýollyýew

Maýyplar we gartaşan adamlar öýüniň

işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar