Öňňin, 7-nji oktýabrda diňebir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, bütin yklymyň syýahatçylyk dürdäneleriniň biri hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde ýerleşýän “Awaza” Kongresler merkezinde “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu dabara BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň wekili, GDA-na agza döwletleriň wekilleri we beýleki döwletleriň gyzyklanýan wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen täsirli çykyşlarda häzirkizaman ösen jemgyýetimizde zenanlaryň ornuna ullakan baha berlip geçildi. Ýadyňyzda bolsa, şeýle asylly däpler baradaky pikirlere geçen ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Häzirkizaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatda başlangyç berilipdi.
Hakykatdan-da bu gün zenanlary sarpalamak we olaryň gender deňligi boýunça deňhukuklylygy baradaky başlangyçlar biziň abadan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem häzirkizaman türkmen jemgyýetiniň esasy maksatlarynyň birine öwrüldi. Bu gün biziň diýarymyz zenanlar baradaky başlangyçlara ygrarlylygynda galmak bilen, biziň ýurdumyzda zenanlara, gelin-gyzlara, ak saçly dili senaly ene-mamalarymyza hormat goýmak, olary sarpalamak halkymyza mahsus bolan ajaýyp häsiýetleriň biri bolup durýar. Bu gün her bir zenanyň ýüreginde ata Watana bolan çäksiz duýgy sözleri bar. Dünýäniň birnäçe döwletlerinden gelen wekilleriň hem-de dünýäniň abraýly guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarydaky şeýle ýokary guramaçylykly maslahatyň geçirilmegi bolsa diňebir biziň ýurdumyzda ýaşaýan zenanlara däl-de, eýsem, tutuş dünýäde ýaşaýan zenan maşgalalara goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. Şonuň üçin hem häzirkizaman jemgyýetimizde durmuşymyzyň bezegi hasaplanýan zenanlarymyza hormat goýmak, olary sarpalamak ajaýyp adata öwrüldi. Häzirkizaman jemgyýetimizde durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň bitirýän işleri aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem zenanlary sarpalamak baradaky pikirler hemişe hem öňküliginde galýar. Hut şeýle başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak ugrunda guralan bu ýokary guramaçylykly dabaranyň dowamynda tutuş dünýäde parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň ornunyň uludygy aýratyn bellenip geçildi.
Goý, bagtyýar halkyň mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belentden belende galsyn. Halkyň eşretli durmuşda ýaamagy üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Maýa Gurbandurdyýewa
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň
pudaklaýyn utgaşdyryjysy