Biz her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Bu gün adamlaryň jan-saglygyny goramak, dikeltmek we şonuň bilen baglylykda keselleriň öňüni almak işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň derwaýys meselesine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “-Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýip belläp geçýär. Hakykatdan-da bu gün saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagaty toplumynda durmuşa geçirilýän işlerde döwletimiz tarapyndan döredilen ajaýyp mümkinçilikleriň buýsandyryjy netijesini görýäris. Öňler medisina ulgamyndaky iň güýçli anyklaýyş enjamlary daşary ýurtlarda bar bolan bolsa, indi şol enjamlar biziň ýurdumyzda, onda-da hemme welaýat merkezlerimizde hereket edýär. Bu bolsa näsaglara gaýragoýulmasyz medisina hyzmatlaryny hödürlemäge ýardam berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda lukmançylyk ulgamyna degişli birnäçe halkara anyklaýyş we bejeriş-dikeldiş merkezleri bina edildi. Bu merkezlerde döredilen ýokary tehnologiýalara esaslanýan mümkinçilikler bolsa ilatyň saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň jan-saglygyny goramak we dikeltmek bolsa sogaply işleriň biri hasaplanýar. Türkmen halkynda tebipçiligiň piri, dünýäniň häzirkizaman ösen medisina ulgamynyň atasy hasaplanýan Lukman Hekim her bir hassany sagaldyp dikelden soň “Men ýene bir ýaşadym” diýipdir. Diýmek, bu sogaply işler dört müň dört ýüz hassany bejerip, sagaldyp, dört müň dört ýüz ýaşan Lukman Hekimden gözbaş alýar. Şol asylly maksatlar bilen hem biz Saglyk maksatnamamyzy kabul etdik we durmuş ýüzüne geçirýäris.
Halkyň saglygyny bahasyz baýlyga deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli her bir tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Amanmyrat Geläýew
Akdepe etrap hassahanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy