TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝAŞLAR BILEN- ÖSÜŞE TARAP
ÝAŞLAR BILEN- ÖSÜŞE TARAP
09.10.2026 Çäk birleşmeler

ÝAŞLAR BILEN- ÖSÜŞE TARAP

    Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly gadamlaryndan galkynan ýaşlar ata Watanyň bagtyýar geljegidir. Gahryman Arkadagymyz “-Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür” diýip bellemek bilen, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýagty geljegine uly ynam bildirýär. Bu gün biziň diýarymyzda ýetilen her bir sepgitde bagtyýar ýaşlarymyzyň ýagşy arzuwlary hem-de kemsiz zähmetleri netijesinde gazanan rehnetleri bar. Bu gün eziz ýaşlar bilen ýaşuly nesliň arasynda özaralarynda sylag- hormat ýaly asylly häsiýetleriň saklanyp galmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Terbiýe mekdebine deňelýän dili senaly ýaşulularymyzyň elinde terbiýelenen bu eziz ýaşlar biziň halkymyzyň bagtyýar geljegidir. Şeýle kämil mekdepde terbiýelenen ýaşlarymyzyň her bir gazanýan ajaýyp üstünlikleri bolsa buýsanjyňy goşalandyrýar. Gursagynda ata Watana bolan çäksiz söýgisi bolan bu ýaşlar döwrümiziň bagtyýarlygynyň waspçysydyrlar. Biz eziz diýarymyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň  2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklandy. Bu gün bu resminama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän çäksiz aladalar barada şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagynyň dowamynda edilen çykyşlarda we ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlarynda hem aýdyň göz ýetirdik. Biz bu çäksiz aladalaryň netijelerini bolsa ädimme-ädim duýýarys. Şol ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän ýaşlarymyzyň bolsa ümzükleri ileri. Bu gün ýaşlar bilen galkynýar diýar, eziz Watan gün-günden ösüşe barýar.

    Goý, bagtyýar ýaşlaryň ýurdy bolan ata Watanymyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Bagtyýar ýaşlarymyz üçin okamaga, işlemäge we döretmäge aýdyň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Amanmyrat Geläýew 

Akdepe etrap hassahanasynyň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar