TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ON BARMAGYŇ HÜNÄRI
28.08.2026 Çäk birleşmeler

ON BARMAGYŇ HÜNÄRI

    Gadymy halkymyzda bar bolan “El hünäri il gezer” diýen ajaýyp atalar sözi ýöne ýere aýdylmandyr. Haçanda eliň çeper bolanda eden işiň iller arasynda gezýär we öwgä mynasyp bolýar. Şeýle nepis sungat görnüşleriniň biri-de keşdeçilikdir. Keşdeçilik sungaty aýal-gyzlarymyza mahsus görnüş bolup, bu inçeden nepis sungat müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşipdir. Gadymdan gelýän bu inçe sungatyň biziň döwürlerimize çenli asyl nusgasynda gelip ýetmegi bolsa heňňamlaryň döwürlerini misli ajala işmesi kimin biri-birine baglanşdyrýar. “Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bolsa bu inçeden nepis milli gymmatlyklarymyza hem-de eli çeper zenanlarymyza hem-de olaryň sünnäläp ýerine ýetiren işelerine berlen ullakan baha boldy. Sözümiziň şu ýerinde Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň hem keşdeçilik bilen meşgullanandygyny belläp geçmek gerek. Ogulabat ejäniň elinden çykan, üstünden ýarym asyr geçen, nepislik bilen ýerine ýetirilen owadan kürte we alaja häzirki wagtda Türkmenistanyň  döwlet  muzeýinde  saklanýar hem-de keşdeçi zenanlar üçin ajaýyp nusga bolup hyzmat edýär.

   Aslynda, keşde-  munuň özi owunjak sanjylýan sanjym görnüşinde salnan nagyşdyr. Türkmen zenanlary owadan tahýalary, kürteleri, çyrpylary, ezýaka köýnekleri, ýakaly aýal köýneklerini we beýleki nagyşly owadan geýimleri sünnälik bilen nagyşlapdyrlar. Nagyşlamak işi ýüwse we inçe iňňe ýaly esbaplar arkaly dürli reňkli sapaklary ulanyp elde ýerine ýetirilýär. Eger-de el işi gaty sünnälik bilen ýerine ýetirilen bolsa onda il arasynda “keşdeçiniň barmagyndan dür dökülipdir” diýilýär. Elde keşde salýan keşdeçi saýlanyp alnan dürli reňkli matanyň ýüzüne- gaýma, basma, ilme, çigme we orama diýlip atlandyrylýan usullar arkaly nagyş salýar. Biziň keşdeçi aýal-gyzlarymyz öz nepis el işlerinde “goçak”, “pişme”, “alaja”, “ak içýan”, “sary içýan”, “gülýaýdy”, “sekizkeşde”, “ak süňşük”, “bäş aşyk”, “guşgözi”, “guşdyrnak”, “çaňňa”, “dagdepe”, “süňşükler”, “sekdirme”, “ýylanagzy”, “solkum goç”, “peýkam uç”, “günebakar”, “gül”, “pyçak uç”, “ýylan öwek”, “ok göz”, “tegbent” we “bägül” diýlip atlandyrylýan dürli reňkli owadan nagyşlary salýarlar. Keşdelerde aýratynda gül- gunçalaryň, güljagazlaryň, baldakly ýapraklaryň we ýarym aýyň keşbi şekillendirilýär. Bu nepis keşdeçilik önümlerimiz bolsa nepislik we owadanlyk taýdan gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyz hasaplanýar.

    Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilen şeýle milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak we gelejekki nesillerimize asyl nusgasynda ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri nurana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Nurjahan Atjykowa

TKA-nyň S.Türkmenbaşy etrap

birleşmesiniň baş buhgalteri

Degişli Habarlar