TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN SUNGAT
14.09.2026 Çäk birleşmeler

MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN SUNGAT

  Keteni-geçmiş bilen gelejegi birleşdirýän, ene-atalarmyzyň zähmeti we estetiki dünýägaraýşyny özünde jemleýän milli buýsanjymyzdyr. Keteni – türkmen halkynyň müňýyllyk taryhy bolan, özüne mahsus dokalşy usuly, ajaýyp reňleri we berkligi bilen beýleki matalardan tapawutlanýan milli ýüpek matadyr. Ol diňe bir geýmek serişde bolman, eýsem halkyň medeni mirasy we sarpalanýan milli gymmatlygydyr.

 Keteniniň döreýşi we taryhy gözbaşlary: Keteni dokamak sungatynyň taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň gülleläp ösen döwürlerine we Marguş (Margiana) medenýetine gabat gelýär. Taryhy çeşmelerde we arheologik gazuw-agtaryş işlerinde Türkmenistanyň çäginde ýüpekçilik dokmaçylygynyň giňden ýaýramagy subut edilýär.

Ýüpekçilik we tebygy önümçilik: Keteni dolulygyna tebygy ýüpek sapaklardan dokalýar. Pileden alnan inçe ýüpek sapaklar elde egrilip, tebygy boýaglar (nar gabygy, dürli ösümlik kökleri) bilen boýalypdyr.

Gyzyl reňkiň simwolikasy: Däp boýunça ketenide iň köp ulanylýan reňk gyzyl reňkdir. Taryhda gyzyl reňk ýaşaýşyň, ýaşlygyň, berekediň we betbagtçylykdan goramagyň (göz-dilden saklamagyň) simwoly höküminde kabul edilipdir.

Tara (dokma stanogy): Keteniniň ini adatça 30-40 santimetr töweregi bolýar. Muny “tara” diýip atlandyrylýan ýörite el dokma stanogynda dokapdyrlar. Ininiň dar bolmagy sebäpli, köýnek ýasalanda birnäçe zolak birleşdirilip biçilipdir.

  Häzirki wagtda keteni öz meşhurlylygyny we gymmatyny ýitirmedi. Türkmen toýlaryny, gelin alyjy däplerini we maşgala dabaralaryny ketenisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gelinleriň başky geýimi (başatdy, keteki köýnek) hut keteniden taýýarlanýar. Häzirki zaman dizaýnerleri ketenini diňe bir milli köýnekderde däl, eýsem moda biçiwli žaketlerde, toý lybaslarda we fasonly kostýumlarda giňden ulanylýar. Keteni dünýä moda sergilerinde etno-stil boýunça iň bir özüne çekiji matalaryň biri höküminde bahalandyryp gelinýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna keşde sungaty bilen bir hatarda ýüpekçilik we däp bolan dokmaçylyk medeniýetiniň girizilmegi, keteni dokamak sundatynyň halkara derejesindäki ornuny nygtaýar.

 

Aýnabat   Saparowa

TKA-nyň Görogly etrap

birleşmesiniň  esasy hünärmeni 

Degişli Habarlar