Ine, ene tebigatyň mizan döwri ýetip gelýär. Mizan sözüne “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” şeýle düşündiriş berilýär: “Gije bilen gündiziň deňleşýän wagty, köne hasapdan her ýylyň 22-nji oktýabryna gabat gelýän gije”. Bu döwür sentýabr aýynyň 23-inden oktýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. “Mizan” sözi arap dilinde “Terezi” diýmegi aňladýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Döwlet guşy” romanynda şeýle diýýär: “-Güýz – hasaplaşyk möwsümi. Seniň kimdigiň mizana münýän döwri”. 2200 ýyl töweregi mundan ozal Gün Mizan ýyldyzlar toparynyň içine aralaşanda, gije we gündiz deňleşipdir, ýagny olaryň dowammlylygy 12 sagada deň bolupdyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sentýabr aýynyň 23-ine gündiz gysgalyp, gije-de uzalyp başlaýar.
Mizan döwründe ähli oba hojalyk ekinler bişip ýetişýär. Ähli miweler bişýär, pagta ýygymy güýçli depginde alnyp barylýar. Has giç ýetişýän şaly hem bu döwrüň ahyrlarynda ýetişýär. Şonuň bilen baglylykda, halk arasynsda ”Segsen günde sapakda, togsan günde tabakda” diýen nakyl döräpdir. Bu döwürde hemme günler yssy bolmaýar. Gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar we gijelerine howa salkyn bolýar.
Mizan döwründe güýzlük ekinleriň ekişi gowam edýär. Mizanda ekilen ak güýzlük bugdaýdyr arpanyň irgözünden ers-mers gögerip, köp şaha ýaýradýandygy, gyşyň sowguna dözümliligi we ýokary hasyl berýändigi hemmelere mälim. Şonuň üçinem pererlerimiz “Mizandan soň güýz ýok”, “Ir eken harman alar, giç eken – arman” diýen atalar sözlerini döredipdirler. Mizanda “Güýz sürmek – gury suwarmak”, “Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür”, “Hasyla hantama bolsaň, ilki ýeriňi sür” diýen nakyllara eýerilip, ýazda ekiljek ýerler şüdügärlenip goýlupdyr.
Maýa Gurbandurdyýewa