Ine, ýene-de güýz geldi. Mähriban tebigatymyz altyn reňke boýalyp başlady. Güýzüň buşlukçylarynyň biri bolsa durnalardyr. Köpi gören ata-babalarymyz “Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi-gapyňy” diýipdirler. Deýmek, il arasynda mukaddes hasaplanýan bu guşlar gyşlamak üçin günorta tarapdaky ülkelere uçup başlasalar howanyň sowap başlajagyny aňladýar. Söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň “Içinde” atly ajaýyp goşgusyndaky:
Durna aýdar, uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men,
Läle-zaran içinde
diýen ajaýyp setirlerini okanymyzda bu guşlaryň wagtlaýyn ýaşaýan ýazlag ülkelerinde howanyň sowamagy bilen günortada ýerleşýän ýyly we iýmite baý tebigaty bolan ülkere göç edýändigini görmek bolýar. Bu guşlaryň göç etmegi gyş ýa-da ýaz paslynyň gelmeginiň ygtybarly alamaty hasaplanypdyr. Durnalaryň ýere golaý ýa-da has ýokardan uçmaklary bolsa gyşda howanyň maýyl ýa-da gazaply geljekdigini aňladypdyr. Maldarçyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan pähim-paýhasly ata-babalarymyz bu ýagdaýdan ýerlikli peýdalanypdyrlar. Olar gyşda howa ýagdaýynyň nähili geljekdigini öňünde aňlapdyrlar hem-de gyşa pugta taýýarlanypdyrlar. Durnalar göç edenlerinde ýadasalar sürüsi bilen bilelikde ekerançylyk ýa-da iýmite baý düzlük meýdanlarda düşläp geçýärler. Soň ýene-de ýoluny dowam edýärler. Mawy asman gümmeziniň beýikliklerinde üçburç şekili emele getirip uçup barýan durnalar tebigata altyn reňkli güýzüň gelenini buşlaýan ýaly şekilde gykuwlaşyp erkin ganat ýaýyp uçup geçýärler. Durnalar üçburçluk we birnäçe kesişýän üçburçluk görnüşli zynjyry emele getirip gözýetimden aňry uçup gidýärler. Käteler bolsa hatar gurap gönüläp uçup barýan durna hatary yzyna aýlanyp, bir öwrüm edip halka ýasap ýene-de öňki barýan ugruna tarap uçup gidýär. Göwresi uly bolan durnalaryň toýnak gurap gaty haýallyk bilen uçýan hereketi we uçýan wagty emele getirýän şekilleri tebigatda bolýan täsinlikleriň biridir. Mawy asmana seredip gözüň gamaşýar we asmanda uçup barýan durnalaryň nyzamly hataryny gözden ýitirýärsiň. Emma, olaryň gykuwlaşýan sesleri welin gaty uzaklardan hem eşidilýär. Çagajyklar bolsa durnalaryň gezekli gezegine gykuwlaşýan seslerini eşdip, olaryň hatar gurap uçuşlaryny synlamak we lezzet almak üçin ses gelýän tarapa ylgaşýarlar.
Goý, parahat asmany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň belentden belende galsyn. Il-günüň bagtyýar geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýbölek Gylyjowa
Ruhubelent etrap medeniýet merkeziniň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy