TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEÝIK WATANA HEM-DE MUKADDES TOPRAGA MEŇZEDILÝÄN …
15.09.2026 Çäk birleşmeler

BEÝIK WATANA HEM-DE MUKADDES TOPRAGA MEŇZEDILÝÄN MUKADDESLIKLERE HORMAT

Elbetde, ata Watana we mukaddes topraga deňzedilýän ýeke-täk mukaddeslikler bular- ene we atadyr. Biziň gadymy halkymyzda dili senaly atalarymyz- hiç bir zada çalşyp bolmaýan mukaddes Watana, ak saçly ene-mamalarymyz bolsa her birimiziň göbek ganymyz daman bu Watanyň mahmal topragyna meňzedilýär. Sebäbi bu mukaddeslikleri biri-birinden aýra göz öňüne getirmek mükin däl. Biz ata Watan diýen mukaddes düşünjäni Türkmenistanyň Milli kasamynyň ilkinji setirlerindäki “Eziz Türkmenistan- ata Watanym, Gurban bolsun saňa bu janym-tenim” diýen ajaýyp jümläniň üsti bilen ebedileşdirdik. Döwletliligimiziň gözbaşy hasaplanýan bu goşa mukaddeslik barada Gahryman Arkadagymyzyň terbiýeçilk tarapdan ähmiýeti örän uly bolan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde ajaýyp tymsallar getirilýär. Bu eserde “Döwletlilik ýörelgesiniň esaslaryny öwredýänler hem Käbe-Kybla ene-atalarymyzdyr ” diýip bellenip geçilýär we ene-ata hormat goýmak düşünjesi iň ýokary derejeli mukaddeslik derejesine ýetirilýär. Hakykatdan-da ene we ata döwletliligiň aýdyň nusgasydyr, gaýtalanmajak mukaddeslikdir. Diňe ata Watanynyň goýnunda, göbek ganyň daman ene topragynyň üstünde Käbedir-Kybla deňelýän ene-atasynyň ýanynda ýaşaýan ynsan özüni iň bir bagtly adam hasaplap biler. Şonuň üçin hem biziň gadymy halkymyzyň arasynda ene-atanyň gymmaty barada “Altyn-kümüşiň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy bolmaz” diýen ýaly ajaýyp atalar sözleri giňden ýaýrapdyr. Onsaňam, ata- enäniň her bir sözi mukaddes hasaplanýar. Ol iki beýik ynsanyň eden ýagşy dilegleri ýerde galmaýar. “Ata-enäniň dogasy oda-suwa batyrmaz” diýen ýaly ajaýyp atalar sözleri ýöne ýerden döremändir. Gadymdan gelýän şeýle asylly däpler bolsa biziň bu ajap eýýamymyzda hem asyl nusgasynda dowam etdirilýär.

    Goý, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Gülruh Haljanowa

Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy

Degişli Habarlar