TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ZÄHMET ÇEKIP ÜSTÜNLIK GAZANAN KÄRENDEÇI
16.09.2026 Çäk birleşmeler

ZÄHMET ÇEKIP ÜSTÜNLIK GAZANAN KÄRENDEÇI

   Köneürgenç etrabynyň Täze güýç daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Meredow hem her ýyly özüniň çekýän ýadawsyz zähmetiniň netijesinde bol hasyl ösdürip ýetişdirip, ussatlykda adygan kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Ýylyň ýylyna bellenen meýilnamany artygy bilen berjaý etmekligi munuň şeýledigini anyk tassyklaýar. Kärendeçiniň gazanan bu üstinligi etrapda köplere görelde boldy.  Ýakynda biz Magsat bilen iş üstünde duşuşyp, onuň armasynyny ýetirdik, gazanan zähmet üstünligi bilen gutladyk. Şonda Magsat öz ýürek buýsanjyny “-Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem diýseň rysgal bereketli ýyllaryň biri boldy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly şu ýyly hem 12 gektar ýerden döwlet harmanyna 26 tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyryp, bellenen meýilnamany artykmajy bilen  berjaý etdik. Atyzlarda galan pagta hasylynyň ýekeje hanasyny-da zaýa etmezden ýygnap alyp Watan harmanyna tabşyrmak işini dowam etdirýäris. Ýene-de Watan harmanyna 20 tonnadan gowrak hasyl tabşyrmagy göz öňünde tutýarys. Pagta ýygymy möwsüminde ýügrek elli ýygymçylarymyz Batyr Iljanow, Baýramgül Berdimedowa, Sähra Baýramdurdyýewa, Ogulsona Rejepowa, Gunça Garryýewa dagylar ýakyndan ýardam berdiler. Biz daýhanlara halal zähmet çekip, halal zähmetiň hözürini görüp eşretli bagtyýar bolelin durmuşda ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok”  diýip, uly buýsanç bilen beýan etdi.

 

 Mahmut  ÝAZOW

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  başlygy

Degişli Habarlar