Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň aýsyz tagallalary netijesinde täze belentliklere tarap ýynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna beslenen bu günlerde diýarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda amala aşyrylýan giň göwrümli işler her birimiziň ýüreginde çuňňur büýsanç döredýär.
Golaýda Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň we Serhet gullugynyň Daşoguz we Köneurgenç şäherlerinde ýerleşýän harby bölümlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda hukuk goraýjy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat ýygnaklar geçirildi. Şamyrad Şamyradowyň serkerdelik edýän harby bölüminde ata-babalarymyzyň “Maslahatly don gysga bolmaz“ diýen paýhasyny ýörelge edinip Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň daşynda berk jebislip, agzybirlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisini geçirmek hakyndaky karary geçen ýygnakda uly ruhubelentlik bilen diňlendi hem-de 2026-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-de Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek mejlis milli demokratiýarmyzyň ýörelgelerini dabaralandyryp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze belentlikleriň gözbaşy bolar diýip bellendi.
Ýygnaga gatnaşyp çykyş edenler Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Tawus Ýagmyrowa, Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-ň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Bibigul Amanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Daşoguz welaýat narkologiýa hassahanasynyň lukmany Jennet Garaýewa dagylar öz çykyşlarynda Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, öňde durýan wezipeler, ýurdumuzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş–durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmäge gönükdirilenligini bellediler. Şu ýylyň 10-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Karary bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýübileý medalynyň döredilmegi , halkymyzyň , aýratynda Watan goragçylarynyň kalbyna buýsanç bagyşlady we harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin uly hormat bolanlygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik ösüşleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlar aýdyldy.
Bibigül Amanowa
Döwlet edaralarynyň işgärleriniň
KA-ň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy