Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “-Bütin adamzadyň we ähli döwletleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir” diýen dürdäne jümlelerini ýol ýörelge edinenmek esynda biziň abadan ýurdumyzyň bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Her ýylda bilim ugrundaky uly reformalar durmuşa geçirilýär. Täze okuw jaýlary açylýar, öňden bar bolanlarynyň täze binalary gurulýar. Ýurdumyzda bar bolan ýokary okuw jaýlarynda ýokary interaktiw tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Mahlasy, bilim ulgamymyz günüň gününe ösüş ýoluny dowam edýär. Bu aýdýanlarymyzy bolsa her güni üstünlikler bilen dabaralanýan ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilen giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyňlygy bilen gördük. Şol gün ýurdumyzyň bilim ulgamynda möhüm sahypa bolup ýazyldy. Ýagny şol gün ýurdumyzda her biri bäş müň orunlyk binalar toplumyny özünde jemleýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary ýaly ýokary bilim ojaklarynyň täze binalary açylyp ulanmaga berildi. Bu ýokary bilim ojaklarynyň täze we döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa diýarymyzyň bilim äleminiň berkeýändigini äşgär edýär. Şeýle döwrebap bilim ojaklarynda bolsa kämil bilim berilýär. Kämil bilim ulgamynyň berkarar edilmegi bolsa ösüşleriň gözbaşy bolup durýar.
Aslynda biziň durmuşumyzyň her bir gününi bilimsiz we ylymsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin hem bilim we ylym almak ynsan üçin üçin iň derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Gadymy halkymyzyň arasynda bar bolan
Bilimli uçar, bilimsiz gaçar
diýen ýaly atalar sözlerinden görüşimiz ýaly bilimli adam kynçyklyklardan hemişe-de çykalga tapyp bilýar. Bilim onuň daýanjy bolup durýar. Bu günki günde bolsa diýarymyzyň bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan reformalardan ruhlanyp bilim alýan bagtyýar ýaşlarymyzyň hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň ümzügi ileri. Olar diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna ullakan iş üstünlikleri bilen geldiler.
Goý, bagtyýar ýaşlarymyzyň röwşen geljegi barada taýsyz aladalar edýän, bilim ulgamynda il bähbitli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutuş adamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly işleri üstünliklere beslensin!
Döwran Ataýew
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň
Akdepe etrap geňeşiniň başlygy