TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOLLARYMYZYŇ ASUDALYGY-HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY
16.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOLLARYMYZYŇ ASUDALYGY-HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY

  “Ýol hereketiniñ howpsuzlygy ömrümiziñ rahatlygy” ady bilen biraýlygyñ çäklerinde geçirilýän dürli çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary biziň Köneürgenç etrabymyzda hem yörite düzülen meýilnama esasynda giñ gerimde dowam edýär. Geçirilyän çarelere polisiyanyň, bilim-terbiyeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgarleri, jemgyyetçilik guramalarynyň wekilleri we mekdep okuwçylar isjeň gatnaşýarlar. Şeyle duşuşyklaryñ  biri etrabymyzyñ 61-nji orta mekdebinde geçirildi. Oña mekdebiñ 3-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.

   Wagyz-nesihat duşuşygynda 61-nji orta mekdep müdüriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Kalymbetowa Täzegül, mekdebiň mugallymy Saryýewa Laçyn, TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Soýungylyjow Şöhrat çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda her ýylyň sentýabr aýynda  “Ýol hereketiniñ howpsuzlygy-ömrümiziñ rahatlygy”  ady bilen geçirilýän biraýlygyň halkymyz tarapyndan uly goldaw tapýandygy, ýol hereketiniň sazlaşykly bolmagynda sürüjiler bilen bir hatarda pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmelidigi, ýollarymyzyň asudalygy halkymyzyň abadançylygyny üpjin edýändigi barada aýratyn belläp geçdiler. 

  Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygynyñ dowamynda multimediya tagtasynyñ kömegi bilen köçelerde çatryklardan, ýol yşyklardan dogry geçmekligi mekdep okuwçylaryna anyk mysallar arkaly görkezildi. Okuwçylar bilen ýol belgileri barada sorag jogap alşyldy. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary etrabymyzyñ beyleki orta mekdeplerinde hem yzgider geçirilýär.

Bahar Hakberdiýewa

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  kätibi

Degişli Habarlar