TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN !
01.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN !

   Berkarar  döwletimiziň  täze eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly  Prezidentimiziň  parasatly, öňdengörüjilikli  syýasaty  netijesinde  raýatlarymyzyň  sagdyn  durmuşy, abadan  ýaşaýşy  barada  uly  alada  edilýär. Sagdyn  durmuş  ýörelgelerine  eýermek  ýaşaýjylarymyzyň  arasynda  indi  asylly  däbe  öwrüldi.  Birnäçe  ýyllardan  bäri  tutuş  ýurdumyz  boýunça  “Ýol  hereketiniň  howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”  atly  şygar  astynda  geçirilýän  çäräniň  köpçülikleýin  häsiýete  eýe  bolýandygy  aýratyn  guwandyrýar. Biraýlygyň  geçýän  döwründe  meýilnamada  göz  öňünde  tutulan  çäreler  mekdebe  çenli  ýaşly  çagalar  edaralarynda,  mekdeplerde,  awtoulag, önümçilik  kärhanalarynda,  şäherdir  oba ýaşaýjylarynyň  arasynda  yzygiderli  gurulýar.  Öňki  ýyllaryň  tejribesiniň  görkezişi  ýaly,  polisiýanyň ýol  gözegçiligi  gullugynyň  işgärleriniň,  il  sylagly  ýaşulularynyň,  lukmanlaryň  we  jemgyýetçilik  guramalarynyň  wekilleriniň  gatnaşmaklarynda  geçirilýän  wagyz-nesihat  çäreleriniň  raýatlaryň  ýol  hereketiniň  howpsuzlygy  boýunça  düzgünleri,  belgileri,  sürüjileriň  we  pyýadalaryň  arasynda  sazlaşygy  ýola  goýmak,  gatnawly  ýollarda  özüňi  alyp  barmagyň medeniýeti  hakyndaky  düşünjelerini  artdyrmakda  netijeli  bolandygyny  bellemek  gerek. Bu  ählihalk  çäräniň  dowamynda  ýol  hereketine  gatnaşyjylaryň  hemmesi – sürüjiler,  pyýadalar  birek-birege  hormat  goýmagyň  belent  nusgasyny  görkezip  gatnawly  ýollarda  ýol  hereketleriniň  düzgünlerini  doly  we  dürs  berjaý  etmekleri  biraýlykda  göz  öňünde  tutulan  çäreleriň  talabalaýyk  ýerine  ýetirilmeginde  möhüm  ähmiýete  eýe  bolar.  Sentýabr aýynyň 1-den badalga  alan   “Ýol  hereketiniň  howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”  atly  şygar  astyndaky  biraýlyga  işjeň  gatnaşmak  her  birimiziň  borjumyzdyr. 

 Berkarar döwletimizi mundan beläkde gülledip ösdürmekde tutanýerli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak üçin alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Muhammetkuly Çarwaýew  

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň 

Akdepe  etrap  birleşmesiniň  esasy  hünärmeni

Degişli Habarlar