Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessuralarymyza şeýle hem dünýä derejesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. 17-nji sentýabr güni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda etrabyň medeniýet merkezinde jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň edara-kärhanalarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda, hassahanada zähmet çekýän işgärleriniň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk ýol hereketiniň howupsyzlygy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça dürli düşündiriş çärelerini guramak üçin çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta okuw we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat öwüt ündew we düşündiriş häsiýetli çäreleriň uly ähmiýeti bardyr.Köçe ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howupsyzylygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyň “Ýol hereketiniň howupsyzlygy- ömrümiziň rahatlygy” diýlip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär. Şu günlere tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howupsyzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär.Okuw jaýlarynda hem ýol hereketiniň düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri we olaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlar barada gürrüňdeşlikler geçirilýär.
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar ýaşadýan biz ýaşlara okamaga öwrenmäge döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.
Jahantäç Pälwanowa
TKA-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni