TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSYZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY
01.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSYZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

   Türkmen halkynyň akyldar söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryn bilgil – hassa bolmazdan burun” diýen setirlerini özine esas eden hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygy barada uly işleri amala aşyrýar. Indi ençeme ýyllardan bäri her ýylyň sentýabyr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň geçirilmegi hem halkyň saglygyny hemme zatdan ileri goýýandygyna şaýatlyk edýär. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniňhowpsyzlygyny üpjin etmek boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmegi ýola goýuldy. Bu çäräniň täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly bolmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýollarda piýada ýolagçylaryň şeýle hem awtoulaglaryň gatnawy has-da artýar. Ýollarda piýada ýolagçylaryň, dürli ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdymyzyň ähli ýerlerinde möhüm işler alnyp barylýar. Ähli ýerlerde sürüjiler hem-de pyýada ýolagçylar üçin ýol belgileri ýerleşdirilýär. Ol ýol belgileri ýygy-ýygydan duş gelmek bilen, raýatlara düzgünleri dogry berjaý etmegini ýatladyp durýar. Bulardan başga-da, täze gurlan we gurylýan ýerasty, ýerüsti geçelgeleri pyýada  ýolagçylaryň howpsyzlygyny üpjün edýär.

    “Ýol hereketiniň –hawpsyzlygy ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bu möhüm çärä polisiýanyň işgärleri bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalrynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Biraýlygyň geçirilýän döwründe mekdep okuwçylarynyň aralarynda bolup ýygy-ýygydan wagyz- nesihat işlerini, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlap açyk sapaklary, dürli bäsleşikleri yzgider geçirýäler. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýol hereketiniň howpsyzlygyny üpjin etmek boýunça  dürli görkezme esbaplar, multimediýa tagtalarynda dürli widio şekilleriň üsti bilen görkezýärler. Bu çäreleriň esasy maksatlarynyň biri hem Watanmyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň saglygyny goramak, köçelerde ýollarda howpsyzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini  gazanmakdyr.

    Ynsan saglygyny goramak bilen bagly ynsanperwer ýörelgäni durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Arazberdi REJEPOW

Köneürgenç etrap hassahanasynyň KA-nyň

ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar