TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ BIRAÝLYGY BOÝUNÇA …
10.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ BIRAÝLYGY BOÝUNÇA DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

    Düýn Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasynyň kaşaň mejlisler zalynda Daşoguz şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň we Türkmenistanyň Telekeçiler we sanagatçylar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyz boýunça badalga berilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça dabaraly maslahat geçirildi.

   Bu dabaraly maslahatda çykyş edenler gadymy halkymyzda ýola barýan ýolagçyny “Ýoluňyz ak bolsun!” diýen ajaýyp aýtgy bilen ýola ugradylýandygyny we ýoldan gelen adamy “Hoş geldiňiz!” diýip hoş niýet bilen garşy alynýandygyny, şeýle asylly we ýagşy däpleriň biziň döwrümizde hem asyl nusgasynda dowam etdirilýändiginiň nyşany hökmünde her ýylyň sentýabr aýynda tutuş diýarymyz boýunça ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga badalga berilýändigini belläp geçdiler.

   Çykyşlaryň dowamynda bu biraýlyk köpçülikleýin çäresiniň diýarymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini alyp barmak maksady bilen geçirilýändigi, bu çäräniň dowamynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerine diňe bir Içeri işler edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklarynyň bolsa bu ugurda ýerine ýetirmeli işleriň doly ýagdaýda ýerine ýetirmäge ýardam berýändigini, ýol hereketiniň howpsyzlygynyň berjaý edilmeginiň bolsa ömrümiziň rahatlygyny üpjün edýändigini, şonuň üçin ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmekligiň hemmämiziň borjumyzdygyny, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen çagalar baglaryna, ýokary we orta okuw mekdeplerine,  edaralara we kärhanalara baryp köpçüligiň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryny düşündirmek we olary berjaý etmekligi ündemek boýunça duşuşyklaryň geçirilmeginiň maksada laýykdygyny belläp geçdiler.

  Dabaraly maslahatyň ahyrynda hemmeler ör turup halkymyz hakda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem uly-uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Allaberdi Sarykow

Daşoguz şäher hassahanasynyň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar