TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN BIRAÝLYK
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN BIRAÝLYK
23.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN BIRAÝLYK

    Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

    Bu biraýlyk döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakdaky aladanyň näderejede möhümdigini gorkezýär. Ýol hereketiniň kadalarynyň raýatlarymyz tarapyndan dogry berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň paýyna düçýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degiçli wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilen tertipde alnyp barylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, çagalara mekdeplere, çagalar baglaryna gidenlerinde we gelenlerinde körpeleriň ýörite pyýadalar üçin geçilýän ýerüsti hem ýerasty geçelgelerinden geçmekligi ündemek, olara ýol hereketiniň kadalarynyň düzgünlerini yzygiderli ýatladyp durmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Häzirki döwürde ulaglaryň sanynyň barha artmagy netijesinde, ýol hereketine gatnaşýan sürüjileriñ hem-de pyýadalaryň jogapkärçiliginiň ýokary derejede bolmagy talap edilýär.  

Maýa Gurbandurdyýewa 

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

pudaklaýyn utgaşdyryjysy

Degişli Habarlar