Berkarar ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda raýatlarymyzyň janyny we saglygyny gorap saklamak maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly köpçülikleýin çäre geçirilýär. Geçirilýän her bir çäre raýatlaryň sagdyn durmuşy, abadan ýaşaýşy, ildeşlerimiziň her biriniň köçe-ýol hereketiniň düzgün-kadalaryny dogry berjaý etmek boýunça bilimlerini we endiklerini terbiýelemek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Birnäçe ýyllardan bäri tutuş ýurdumyz boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar astynda geçirilýän çäräniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygy aýratyn guwandyrýar. Biraýlygyň geçýän döwründe meýilnamada göz öňünde tutulan çäreler mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda, mekdeplerde, awtoulag, önümçilik kärhanalarynda, şäherdir oba ýaşaýjylarynyň arasynda yzygiderli gurulýar. Öňki ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularynyň, lukmanlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň raýatlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça düzgünleri, belgileri, sürüjileriň we pyýadalaryň arasynda sazlaşygy ýola goýmak, gatnawly ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti hakyndaky düşünjelerini artdyrmakda netijeli bolandygyny bellemek gerek.
Biz halkymyz üçin eşretli ýaşaýşyň aýdyň keşbini döredip berýän, gurýan hem-de döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Orazgül Seýidowa
TKA-nyň Akdepe etrap
birleşmesiniň kätibi