TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝOL-ABAT, IL-ABAT
ÝOL-ABAT, IL-ABAT
18.09.2026 Çäk birleşmeler

ÝOL-ABAT, IL-ABAT

   Golaýda, Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň binasynda her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyz boýunça ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň  maksadyny we onuň ähmiýetini wagyz etmek we ýol hereketine gatnaşyjylary ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeklige çagyrmak boýunça dabaraly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabaraly ýagdaýda geçen bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň, mekdebiň tejribeli mugallymlary we polisiýa bölüminiň wekilleri çykyş etdiler.   

     Sowal- jogap alyşmalaryň esasynda gyzgalaňly ýagdaýda geçen bu duşuşykda Görogly etyrap Polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-nyň müdiri polisiýanyň maýory Hudaýberdi Akmedow: raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak  we ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça biziň abadan ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň guramaçylykly ýagdaýda geçirilýändigi, onuň esasy maksady adamlaryň saglygyny goramakdan, tehnikanyň ösen döwründe sürüjileriň hüşgärligini artdyrmakdan, pyýadalaryň, ylaýta-da çagalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekleri üçin netijeli işleri yzygiderli geçirmekden ybaratdygy, bu işleri berjaý etmede bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem möhüm ähmiýetiniň bardygy, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjeý etmekligiň bolsa – ömrümiziň rahatlygynyň kepili bolup durýandygy, Hususan-da, mekdebe golaý geçýän gatnawly ýollary kesip geçende ýolyşygyň duýduryşy esasynda ýoly kesip geçmelidigi, pyýadalaryň ýol hereketinde bellenilmedik ýerden geçmeginiň ýa-da awtobusdan düşenlerinde köçäni nädogry ýerden kesip geçmeginiň howply hadysalara getirýändigi, şeýle biperwaýlyklaryň, hatda öwezini dolup bolmajak ýagdaýlara hem eltýändigi barada belläp geçi hem-de sözüni anyk mysallara salgylanyp deillendirdi.

    Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda dabara gatnaşanlar ör turup, ata Watanymyzyň ösüşleriniň öňküden-de belende galmagyny, ýollarymyzyň ak bolmagyny, mähriban halkymyzy asuda we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Begmyrat Baýramow

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maglumat

tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni

Degişli Habarlar