TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / YNSANYŇ TERBIÝE MEKDEBI
28.08.2026 Çäk birleşmeler

YNSANYŇ TERBIÝE MEKDEBI

    Zähmet- ynsan üçin hakyky terbiýe mekdebidir. Zähmet- munuň özi belli bir maksat üçin adamyň akyl hem-de beden güýjini talap edýän işdir. Zähmet barada söz açylanda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde getirilýän birnäçe çuň manyly setirlere ýüzlenesimiz gelýär. Ýagny, bu ajaýyp eseriň “Zähmetsöýerlik- gaýratlylygyň gözbaşy” atly bölüminde şeýle diýilýär: “Zähmet adamy adam edýär! Ýöne zähmetsöýerligi terbiýelemek aňsat iş däldir... Zähmetiň fiziki zähmet hem-de akyl zähmeti diýen ýaly görnüşleri bar. Olar öz arasynda umumy häsiýeti kemala getirýärler” diýilýar. Mundan başga-da bu bölümde getirilýän “Zähmet düşünjesiniň anyk kesgitlemesi netijelilikdir. Ýaş nesillerde zähmete bolan söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmak diýmekdir” diýen ýaly setirlerde zähmet düşünjesine anyk kesgitleme berilýär. Zähmetsöýerlik- ynsana mahsus ajaýyp häsiýetleriň biridir. Halk arasynda bar bolan:

Çekseň zähmet, ýagar rehnet                                    

diýen ýaly ajaýyp nakyllarda diňe zähmet çekmek arkaly rehnete ýetip boljakdygy barada aýdylýar. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ata Watanymyzda zähmet çekmek üçin döredilip berlen şertler we zähmet çekmek esasynda agzanylýan ajaýyp üstünlikler buýsanjyňy goşalandyrýar.

    Ine, bu günler bolsa “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly  at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda uludan bellenip geçiljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna her bir ildeşimiz özüniň mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Eziz diýarymyzyň bu günki medeni, syýasy we ykdysady ösüşleriniň ýokary derejelere baryp ýetmeginde bolsa Garaşsyzlykdan ganatlanan halkymyzyň ullakan zähmet goşandy bardyr.

    Goý, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

 

Begenç Mätekow

TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň baş buhgalteri

Degişli Habarlar