19-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Taryha ser salanymyzda 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda dünýäniň 10 döwletinde ýaşaýan türkmen doganlarymyz ilkinji gezek özleriniň taryhy ata Watany Türkmenistanda bir supranyň daşyna jemlenip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň birinji maslahatyny geçirýärler. Netijede, şol gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredilýär we onuň Düzgünnamasy kabul edilýär.
Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Olar bilen işjeň, ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklar berk saklanýar. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalary ynsanperwer ugurlarda işleri alyp barýarlar. Bu bölümleriň agzalary ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, türkmeniň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny öz ýaşaýan ýerlerinde wagyz edýärler. Atababalarynyň şöhratly ýollaryny öwrenip, olary dünýä ýaýýarlar. Galyberse-de, medeni durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna ýakyndan goldaw bermek bilen olar babatda alnyp barylýan syýasata ygrarlydygyny aýan edýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Res publikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Netijede daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň ýyl ýyldan işjeňleşdirilýändigine üstünlikli geçen maslahatyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ylymly bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Dünýä türkmenlerini ata Watanda bir supranyň başyna jemlän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülnara Ýoldaşowa