Hemişe öz raýatlarynyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesi dogrusynda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň sentýabr aýynda hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” at bilen geçirilýän biraýlyk guramaçylykly dowam edýär. Onuň esasy maksady adamlaryň saglygyny goramakdan, tehnikanyň ösen döwründe sürüjileriň hüşgärligini artdyrmakdan, pyýadalaryň, ylaýta-da çagalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekleri üçin netijeli işleri yzygiderli geçirmekden ybaratdyr. Bu işde ýurdumyzyň nebit-gaz pudagy hem ýol hereketiniň düzgünleri boýunça işgärleriň arasynda ýörite wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygynyň kepili bolup durýar. Ömrümiziň rahatlygy bolsa, elbetde, saglyk atly baş baýlygyň gözbaşydyr.
Şeýle wagyz-nesihat çäreleriň biri hem ýakynda “Daşoguzgazakadyryş” müdirliginde “Ygtybarly ak ýollar — rahat ömürler” ady bilen geçirilip onda halypa işgärler ýaş hünärmneleriň arasynda çykyş etdiler. Çykyşlarda ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin durlup geçildi, hususan-da, howpsuzlyk kemerini dakynmazlygyň, ýolyşygyň gadagan ediji reňkinde geçmegiň, pyýadalaryň bolsa ýol hereketinde bellenilmedik ýerden geçmeginiň ýa-da awtobusdan düşenlerinde köçeden nädogry geçmeginiň howply hadysalara getirýändigi, şeýle biperwaýlyklaryň, hatda öwezini dolup bolmajak ýagdaýlara hem eltýändigi barada anyk mysallara salgylanyp giňişleýin gürrüň edildi.
Çykyş edenler halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem uly-uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Berdinazar Meredow
„Daşoguzgazakdyryş“ müdirliginiň birleşen
kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň
başga işlerden boşadylan başlygy