Şu gün Daşoguz welaýat kitaphanasynyň binasynda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyn mekany " ýylynda Türkmenistanyñ Prezidentimiziñ baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giñden wagyz etmek, şeýle-de "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" " Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda " Türkmenistanyñ kanunlarynda bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek, Medeniýet ministrliginiñ garamagyndaky kitaphanalardan öñdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçy hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyñ Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ Milli merkezi tarapyndan geçirilýän "Türkmenistan ösüüşleriñ diyary- ganatly bedewleriñ mekany" atly hünär bäsleşiginiñ Daşoguz welaýaty boýunça welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiñ şertleri boýunça tapawutly çykyş eden 2 sany kitaphanaçy Garaşsyzlyk etrap merkezi kitaphanasynyñ kitaphanaçysy Hojaýewa Amandursun we Daşoguz welaýat Çagalar kitaphanasynyñ kitaphanaçysy Annaýewa Ogulboldy yeñiji diylip yglan edildi. Ýeñiji bolan kitaphanaçylar bäsleşigiñ döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjylara welaýat medeniýet müdirliginiñ hormat hatlary we Daşoguz welaýat KA-nyñ ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Amandursun Hojaýewa
Garaşsyzlyk etrap kitaphanasynyň
kitaphanaçysy, KA-nyň işjeň agzasy,
bäsleşigiň ýeňijisi