Ýurdumyzda ýaşuly nesliň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Bu gün ýaşuly nesillerimize döwletli törlerimiziň bezegi, akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne “Ýaşulylaryň halkara güni” aýratyn ruhubelentlik bilen döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär.
Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolunda taryhy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň yzysüre bellenilip geçilýän bu baýram tutuş halkymyzda ýokary ruhubelentlik, egsilmez döredijilik duýgularyny döredýär.
“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň bir-biriniň üstüni ýetirýän, taryhy wakalara baý bolan ajaýyp pursatlarynda bellenilýän bu baýramyň mazmun taýdan ýokary ähmiýete eýedigini nygtamak has-da ýerlikli. Dabarasy uludan tutulýan bu şanly günde parasatly öwütleri, dana nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri merdanalygyň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemage saldamly goşant goşýan hormatly ýaşululara, mähriban enelere uly sarpanyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhly çäreler baýramçylygyň gymmatyny has-da artdyrýar.
Şeýle çäreleriň biri-de Daşoguz welaýat häkimliginde uly ruhubelentlik bilen gurnaldy. Oňa welaýatymyzyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglyk, sport, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi bu halkara baýramyň ýurdumyzda jebisligi we rowaçlygy has-da pugtalandyrmakdaky, nesilleri zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemekdäki ornuny ýokarlandyrýar.
Ýaşuly nesliň jemgyýetdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, päk ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimizde hemişe ýokary baha berilýär. Ýylyň ýylyna ýaşuly nesliň wekilleriniň ençemesine Türkmenistanyň “Hormatly II ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy, mähriban eneleriň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanmagy onuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen jemgyýetini ösdürmekde durmuşa geçrilýän beýik işleriň başynda hem ýaşulularyň ornunyň çuňlaşdyrylmagy nesilleriň arasyndaky jebisligi pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, ýaşuly nesliň wekilleriniň rowaçlyga beslenýän jemgyýetimizde mynasyp ornuny doly açyp görkezýär.
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünliklerde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi gadymdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işlere we giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Ata-baba dowam edip gelýän taryhymyza ser salanymyzda hem ýaşulylaryň sarpasy uludan saklanyp gelýär. “Ýaşlaň arasynda garrylar gerek” diýip şahyrlarymyzyň ganat baglaýan setirleri bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýol-ýodasy bolup dowam edýär. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda welaýatymyzyň köpsanly ýaşuly nesillerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we ter gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Halkymyza toýly günleri peşgeş berýän, ýaşuly nesliň sarpasyny beýgeldýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza nesilleriň hoşallygyny bildirýäris. Olaryň jany sag, belent başlary aman tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Gülnara Ýoldaşowa
Daşoguztelekom elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy