TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÝAŞLAR ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBI
ÝAŞLAR ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBI
02.10.2026 Çäk birleşmeler

ÝAŞLAR ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBI

    Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk ýoly Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Şeýle kämil mekdepden tälim alan ýaşlar bolsa ata Watanyň ýagty geljegi hasaplanýar. Biziň abadan ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty gün-günden pajarlaýar. Ýadyňyzda bolsa şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren edep-terbiýe gymmatlyklary bilen bagly bolan umumy sapagy hem tutuşlygyna diýen ýaly Watanyň geljegi bolan ýaşlaryň ýagty geljegine bagyşlandy. Şol umumy sapakda Gahryman Arkadagymyzyň “Watanyň, halkyň ykbaly ugrunda jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeleýäris” diýip belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol çuň manyly jümlelerine jogap edip tüýs ýürekden zähmet çekýän bagtyýar ýaşlarymyz bolsa ata Watanyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda öz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şol sapakda çykyş eden bagtyýar ýaşlarymyz bolsa öz ata Watanyna, göbek gany daman ene topragyna, mähriban halkyna, biziň şeýle abadan we bolelin durmuşda asuda we erkin ýaşamagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançly ýürek sözlerini açyk aýdyň beýan etdiler hem-de ata- babalarymyzyň döreden nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar. Ol umumy okuwa sapagynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”. Mähriban ýaşlar! Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! Diňe siz bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip belläp geçdi. Bu aýdyň jümleleriň aňrysynda bolsa ýaşlaryň ýagty geljegine bolan uly ynam bar. Ýaşlar –Watanyň daýanjydyr.

    Goý, şeýle bagtyýar ýaşlary bolan  ajaýyp ýurdumyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Goý, bagtyýar ýaşlarymyzyň röwşen geljegi barada taýsyz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutuş adamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly işleri üstünliklere beslensin!

 

Dädebaý Ilamanow

Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň

daýhan birleşiginiň  KA-nyň

ilkinji  guramasynyň  başlygy

Degişli Habarlar