Halypa şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
Syr alyp syr berişýän,
Söwer dostuma meňzedip,
Kakdyň ýene gapymy,
Meniň paýhasly güýzüm
diýen ajaýyp setirlerini okanyňyzda gürrüňiň haýsy ajaýyp pasyl hakynda barýandygyny bilen bolsaňyz gerek!? Hawa, gürrüň tutuş tebigaty altyn reňke boýap gelýän ajaýyp güýz pasly hakynda barýar. Gadymy halkymyzda güýz pasly barada “Durna geçse duluňy ýap, gaz geçse- gapyňy” diýen pähimli bir söz bar. Ine, ýene durnalar gykuwlaşyp gök asmanda toýnak gurap günorta tarapa geçip başlady. Diýmek, olar bize güýzüň gelendigini duýdurýarlar. Durnalar üçburçluk görnüşli zynjyry emele getirip, gözýetimden aňry uçup gidýärler. Käteler bolsa mawy asmana seredip gözüň gamaşyň asmanda uçup barýan durnalaryň hataryny gözden ýitirýärsiň. Her bir agaçlaryň, otuň-çöpüň we maýsazarlyklaryň tutuşlygyna mämişi sary reňke boýalmagy bolsa tebigatyň jadyly gudratydyr. Güýzde gözel tebigatymyzda ýaşaýan garynjalar bolsa şol agaçlaryň töwereginde, esasan hem agaçlaryň we gum depeleriniň howa sowanda pena bolup ýyly bolýan günorta tarapynda hin gazmaga başlaýarlar. Tebigatda yzygiderli gaýtalanýan bu hereketler pasyllaryň çalşygyna bagly bolup durýar.
Güýzüň gelmegi adamzadyň zähmet işjeňligine hem täsir edýär. Güýzde köp ekinler miwe berýär. Ussat babadaýhanlarymyz bolsa ýazda eken ekinleriniň miwelerini ýygnamaga girişýärler. Soňra bolsa güýzlik ekinler ekilip başlanýar. Ekinden boşan ýerler bolsa şüdgärlenip sürülýär. Ak çadyra bürenen gowçaly peller, her salkymy gözüňi dokundyrýan üzümli meýdanlar, ýaňy maýsalap başlan bugdaýly peller bu pasla aýratyn bir gelşik paýlaýar.
Goý, ata-Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn. Şeýle ajap döwürde ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge we işlemäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, tutuş adamzat ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülnabat Kömekowa
“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň
KA-nyň ilkinji guramasynyň buhgalteri