TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLER…
25.09.2026 Çäk birleşmeler

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERI BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ ABADAN GELJEGINIŇ KEPILIDIR

  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlykly wakalara, belent ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan täze taryhy döwürde parahatçylyk, jebislik, agzybirlik hem-de halk demokratiýasy rowaçlanýar.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gatnaşmagynda  merjen paýtagtymyz Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi şanly ýylymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. But taryhy maslahatda seredilen meseleler, kabul edilen çözgütler biziň her birimiziň kalbymyzda begenç, buýsanç duýgularyny döretdi.

     Asylly däbe görä, ýurdumyzyň baş baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkymyzy jebisleşdirmekde we döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul etmekde uly ähmiýete eýedir.  Ýaňy ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň mundan beýläk-de ähli ugurlary öz içine alýan giň gerimli ösüşleriň gazanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary göterilmegine uly badalga berdi. Onda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen birnäçe täryhy çözgütler kabul edildi.

     Bu umumymilli forumda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözlän çuň manyly çykyşlaryny diňlänimizde, Garaşsyz döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygyna bolan buýsanjymyz goşalandy.

  Häzirki günlerde welaýatymyzda bu möhüm foruma bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, dabaraly maslahatlar yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen Kararlaryň, gelnen çözgütleriň many-mazmunyny düşündirmekde we wagyz etmekde welaýatymyzyň baýry jemgyýetçilik guramasy hökmünde Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem örän möhüm, jogapkärli wezipeler ör boýuna galýar.

  Golaýda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleri bagtyýar halkymyzyň abadan geljeginiň kepilidir” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata welaýatymyzyň dürli pudaklarynda  zähmet çekýän KA-nyň agzalary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşan wekilleriň täsirli çykyşlary diňlenildi, möhüm wezipeler kesgitlenildi.

   Hormatly Prezidentimiziň “Biz beýik işleri Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini      has-da şöhratlandyrýarys” diýen sözlerine eýerip, biz – jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň häzirki we geljekki üstünlikleriniň bähbidi ugrunda döredijilikli zähmet çekmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda mundan beýläk hem gaýratymyzy gaýgyrmarys.

 Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere badalga berýän, halk häkimiýetliligini, milli demokratiýamyzy dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Güljemal Nazarowa

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri

bölüminiň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar