TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TÜRKMENIŇ BUÝSANJY
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY
05.10.2026 Çäk birleşmeler

TÜRKMENIŇ BUÝSANJY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ýiti döredijilik galamyndan çykan “Türkmeniň buýsanjy” atly ajaýyp goşgusynda türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan türkmen bedewiniň, eýýamlaryň mirasyna öwrülen nepis halylarymyzyň hem-de türkmeniň hemişelik hemrasyna öwrülen wepaly alabaýlarymyzyň biziň durmuşymyzdaky ornuna aýratyn baha berýär. Hakykatdan-da bu gymmatlyklar biziň halkymyzyň ömür ýoly bilen ömürdeş we durmuş  ýoly bilen aýrylmaz bagly bolan bakylykdyr. Bu gün milli gymmatlyk hasaplanyp ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen halyçylyk sungatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrüldi. Türkmen sährasynyň ajap lälesini ýada salýan bu ajaýyp halylar ene-mamalarymyzyň on barmagyndan dökülýän dür dänesidir. Eli çeper zenanlarymyzyň arzuwyndan kemala gelen nepis halylarymyz güller açan sähralara çalym edýär. Hut şonuň üçin-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokarda ady agzalan ajaýyp goşgusyndaky:

Niçik gudrat eneleriň yhlasy,

Göýä güller açan köňül sährasy,

Nepis haly- eýýamlaryň mirasy,

Şanly ömür beýanydyr türkmeniň

 

diýen setirlerinde nepis halylarymyzyň gaýtalanmajak gudratdygyny belläp geçýär. Hakykatdan-da biziň el halylarymyz özüniň  nepisligi we gaýtalanmajak derejedäki gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Haly- gadymy halkymyzyň eýýamlaryň dowamyndaky geçen şanly taryhy ýolunyň, bagtyýar şu gününiň hem-de ýagty geljegi baradaky ajap arzuwlarynyň çitimlere geçirilen beýanydyr.

    Goý, taryhymyzy we medeni mirasymyzy giňden öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilkleriň döredilen mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Şu ajaýyp döwürde ýaşamaga, işlemäge we döretmäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys!

 

Aýlar Çaňlyýewa

Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň

Akdepe etrap geňeşiniň buhgalteri

Degişli Habarlar