Türkmen halylary halkymyzyň milli baýlygy hasaplanýar. Hut, şonuň üçin-de türkmen halylaryny ebedileşdirmekde köp işler amala aşyryldy. Soňky wagtlarda gözel halylarymyz diňe bir öýiň içini bezemekde ulanylman, eýsem, türkmen haly gölleriniň şekilleri ussat dizaýnerlerimiz tarapyndan jaýyň daşky we içki görnüşiniň bezeg işlerinde hem giňden ulanylyp başlandy. Netijede bolsa öňler döwlet nyşanlarymyz bolan Döwlet Baýdagymyzda, Döwlet Tugramyzda we häzirki wagtda ulanyşda bolan milli manadymyzyň banknotlarynyň ählisinde şekillendirilen bu ajaýyp haly gölleriniň şekilleri häzirki wagtda milli binägärlik sungatymyz bilen utgaşdyryldy. Bu owadan göller çekilen bezegler ak mermerli paýtagtymyzy we welaýat merkezlerini bezeýän binalaryň birnäçesinde daşky we içki bezeg hökmünde giňden ulanyldy. Halkyň gelim-gidimli ýerleri hasaplanýan Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Konstitusiýa, Älem medeni dynç alyş merkeziniň äpet aýlawly çarhy hem-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň binalarynyň bezeg işlerinde bu usulyň ulanylmagy milli binagärlik ulgamymyzda täze sahypany açdy. Bu ugurda toplanan baý tejribäniň netijesinde Aşgabat halkara howa menziliniň içki gurluşynda hem haly gölleriniň şekilleri bezeg hökmünde ulanyldy. Bu uly howa menziliň Baş terminalynyň 705 metr2 meýdana deň bolan üçegi türkmen haly gölleriniň şekilinde ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa binagärlik tarapdan gaýtalanmajak kompozisiýany emele getirip, dünýädäki iň uly haly gölleri bilen örtülen içki üçegi boýunça Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da Aşgabat şäherinde bina edilen, ululygy boýunça aňrysyna bärisine göz ýetmeýän “Altyn asyr” Gündogar bazarynyň, her welaýatlaryň merkezlerinde aýratynlykda bina edilen şonuň ýaly täze bazarlaryň binalar toplumylarynyň hem her welaýatyň özüne mahsus bolan haly göli şekilinde bina edilmegi bolsa aýratyn kompozisiýany emele getirdi. Hazaryň boýundaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňziň sapaly kenarynda ýerleşýän, asuda şemala pasyrdap duran türkmen baýdagynyň şekilinde bina edilen, owadanlykda deňi-taýy bolmadyk “Berkarar” myhmanhanasynyň hem-de özboluşly binagärlik keşbi bilen şol deňziň kenaryna gözellik paýlaýan “Kongresler merkeziniň” binalarynyň daşy keşbinde hem türkmen haly gölleriniň gelşikli ýagdaýda ulanylmagy bolsa görenleri haýrana goýýar.
Goý, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Bize şeýle ajap döwürde ýaşamaga, okamaga we zähmet çekmäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.
Nurjahan Atjykowa
TKA-nyň S.Türkmenbaşy etrap
birleşmesiniň baş buhgalteri