TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “TÄZE MAKSATLARA AÝDYŇ UGUR” ADY BILEN TEGELEK ST…
17.09.2026 Çäk birleşmeler

“TÄZE MAKSATLARA AÝDYŇ UGUR” ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

     Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli “Täze maksatlara aýdyň ugur” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary- Arslan Taganow, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty-Ýeňiş Haýytjanow, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň başlygy Gylyçdurdy Haýdarow, “Daşoguz habarlary” gazetiniň habarçysy Gunça Artykowa, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa,TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni-Güljemal Nazarowa dagylar çykyş etdiler.  Olar öz çykyşlarynda   halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllarynda mähriban diýarymyzda amala aşyrylan ajaýyp işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan belent tutumlary, Watan mukaddesligi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ösüşleri baradaky buýsançlaryny giňden beýan etdiler. Edilen çykyşlarda “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýen ajaýyp aýtgynyň esasynda il bähbitli döwletli işlere başlamakçy bolananda halka geňeşmek biziň ilimize mahsus bolan asylly adatlaryň biridigi, ata-babalarymyzdan bize miras galan bu ajaýyp adatlaryň bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem asyl nusgasynda dowam etdirilýändigi,  munuň şeýledigini bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “—Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar” diýip belleýşi ýaly biziň ilimizde halk bähbitli işleri durmuşa geçirýän ýokary guramaçylykly döwlet edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan asylly hem-de döwletli işleriniň mysalynda hem aýdyň görýändigimiz barada buýsançly belläp geçdiler.

    Dabaraly söhbetdeşligiň ahyrynda döwletliligiň milli demokratik ýoluny ösdürýän,  Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç almagyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine uly üstünlikler arzuw etdiler.

 

Haltäç Bäşimowa

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

pudaklar boýunça utgaşdyryjysy

Degişli Habarlar