TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TÄZE BIR EÝÝAM IÇINDE
28.08.2026 Çäk birleşmeler

TÄZE BIR EÝÝAM IÇINDE

Magtymguly  Pyragy dünýä bilen darkaş guran, dünýä şygyrlarynyň çuňlugyna aralaşmagy başaran beýik ussatdyr. Şonuň üçin-de belli türkmen şahyry Gara Seýitliýewiň: “Dünýä durdugyça durar Pyragy” diýip, buýsançly aýdyşy ýaly, ýyllar, asyrlar geçdigiçe, Magtymgulynyň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty artyp, nurana setirleriniň şöhlesi barha ýagtylyp gidip otyr.

 

 

Pyragy, seýran içinde,

Ugraşdyň meýdan içinde,

Täze bir eýýam içinde,

Duşduň beýik işler bile

 

 

“Menzilim dag içre, sähraýa aşyk bolmuşam” diýip ýazýan beýik söz ussadynyň müň öwrümli menzilleriň, müň aýlawly döwürleriň agyr synaglaryndan geçip gelen şygyrlary bu gün halkyň kalbynda, ruhunda hem ykbalynda ýaşaýar. Halk Magtymguly Pyragynyň ruhy keşbini onuň çuňňur mazmunly setirlerinde gözlemek bilen çäklenmän, häzirki zaman türkmen sungatynda, edebiýatynda janlandyrylmagyna hem diýseň teşne. Magtymgulynyň çeper keşbini döretmek bolsa kino, teatr sungaty bilen birlikde, çeper edebiýatynda–da iň kyn, iň jogapkärli wezipeleriň biri bolup geldi. Muňa garamazdan, soňky döwriň türkmen edebiýatynda, teatr, kino, şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, aýdym-saz, bagşyçylyk, opera sungatynda Magtymgulynyň keşbini döretmäge synanşyklar az däl. 

Türkmen halkynyň, medeni we ruhy gymmatlyklaryny halkara derejesinde çuňňur öwrenmäge döredýän giň  mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömüreri uzak bolsun, il – ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri mydama rowaç alsyn!

 

Şöhrat MELEBAÝEW

“Daşoguzgazakdyryş” müdürliginiň

Birleşen KA komitetiniň buhgalteri

Degişli Habarlar