Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň işlemekligi, döretmekligi, gurmaklygy, medeniýetli dynç almaklygy, saglyklaryny dikeltmekligi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtynda bagtyýar halkymyz nobatdaky dynç alyş döwründe ýurdymyzyň çägindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar, saglyklaryny dikeltýärler. Şonuň bilen bir hatarda taryhy ýadygärliklere gezelenç edýärler.
Golaýda “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenç guralyp, oňa jemgyýetçilik guramalaryň, bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleri gatnaşdylar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ençeme ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Bu ýerde geçirilen “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdaki orny” atly gezelenjiň dowamynda goraghananyň jogapkär işgärleri tarapyndan ýadygärlikler toplumy, bu ýerde täze tapyndylary gözlemek, rejeleýiş işleriniň alnyp barylşy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem gezelenje gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň bütün dünýä sanawyna giren “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki täsin, taryh üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikleri, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak her bir ynsanda geçmiş taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhybelentlik döredip, ülkäniň taryhy barada giň düşinje alyp, ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryna aýdyň göz ýetirdiler. Gözelligi we ylmy ähmiýeti bilen meşgurlyga eýe Törebeg hanymyň mawzeleýini, Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumyny, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Ibn-Hajy yadygärliklerini, Merkezi Aziýada belentligi boýunça ilkinji orunda duran Gutlug Temuryň minarasyny, Seýit Ahmediň (Gara gapy ata) kümmetini synlap, şöhraty äleme dolan ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda süňňäläp bina edilen galalaryna buýsanç we bilesigelijilik bilen tomaşa etdiler.
Bahar HAKBERDIÝEWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň kätibi