TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / TARYHY MIRASYMYZA SARPA
TARYHY MIRASYMYZA SARPA
22.09.2026 Çäk birleşmeler

TARYHY MIRASYMYZA SARPA

    “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Her bir halkyň beýikligi onuň adamzat medeniýetine goşan goşandy, gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda galdyran yzy, asyr aşyp, döwür geçse-de, gymmaty egsilmeýän milli mirasy bilen kesgitlenýär. Şol sebäpli hem, islendik bir ülke, ýurt hakynda gürrüň edilende ýa-da oňa syýahata gidilende onuň taryhy, medeni-binagärlik ýadygärlikleri uly gyzyklanma döredýär. Bu gymmatlyklar halkyň şöhratly geçmişini dikeltmekde, her bir raýatyň aňynda, kalbynda milli buýsanç duýgusyny oýarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we bütin dünýäde wagyz etmek babatda asylly işler amala aşyrylýar. Muňa welaýatymyzda geçirilen “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýekitleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, milli taryhy-medeni mirasyň çäklerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze maksatnamada welaýatymyzyň “Köneürgenç” taryh-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginiň günorta-günbatar tarapynda arheologik gazuw-barlag işlerini geçirmek hem bellenildi. Şumaksatnama esasynda bu ýadygärlikdeTürkmenistanyň taryhy we medeni ýädigärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hem-de goraghananyň ýanyndaky ylmy rejeleýiş-önümçilik ussahanasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki gazuw-barlag işlerine badalga berildi. Dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylary arassalamak, san belgilerini goýmak, surata düşürmek, tapyndylary gysga suratlandyrmak hem-de tapyndylary ýelmemek we oýma nagyşly binagärlik (arhitektura) bezeg bölekleriniň çyzgysyny çyzmak işleri alnyp barylýar.

 

Nurberdi Mämedow

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň

Görogly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri

Degişli Habarlar