TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / SUWUŇ PEÝDASY
SUWUŇ PEÝDASY
22.09.2026 Çäk birleşmeler

SUWUŇ PEÝDASY

  Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gowaça, bugdaý, şaly, gant şugundyry, gök bakja ekinleri we miweli baglar ýaly, oba hojalyk ekinleriniň idelşine uly üns berip bol we ýokary hilli hasyl öndürilýär. Sahawatly toprakdan bol hasyl almakda suw aýratyn orny eýelýär. Suw durmuşda iň möhüm zerurlyklaryň biri. Şonuň üçin adamlar suwa aýawly çemeleşip ony isrip etmezlige çalyşýarlar.Adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin suwuň örän uly peýdasy bar. Arassa suw adamlar, haýwanlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw tebigatda ýeriň üstki görnüşiniň ösümlik örtüginiň emele gelmeginiň işjeň gatnaşýar. Suw köptaraply täsir ediji bolup dürli organiki däl maddalary owradýar, dargadýar, eredýär we başga ýerlere äkidip çökündi görnüşindäki dag jynslarynyň we topragyň emele gelmegine gatnaşýar. Suw topragyň ýylylygyna uly täsir edýär. Gury topragyň ýylylyk sygymy adatça suwuňkydan pesdir. Ylymda suw bilen baglanşykly  ençeme ylmy-barlag işleri geçirildi.

Jahantäç Pälwanowa

TKA-nyň S.Türkmenbaşy etrap

birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar