Sportuň saglyga peýdasynyň uludygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem sport gözellik hem sagdynlyk hökmünde ykrar edilýär. Sport-sazlaşyk hem ruhybelentlik,sagdyn bolmaga kuwwatly itergi berýän güýçdir, saglygyň gözbaşy. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin sportuň ähmiýeti ulydyr. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň onlarçasy indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň hyzmatynda.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji gadamlarynyň ruhybelentlikden we sportdan başlanýandygy mälimdir. Sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik ýaşaýyş-durmuş endigine öwren halkymyz bu babatdaky mizemez ýörelgeleri taryhdan biziň günlerimize gelip ýeten däpleri has hem ösdürip baýlaşdyrýar. Türkmen halkynyň nakyllarynda “Bar zadyň sakasy saglyk” diýen pähim bar. Muňa dogry düşünýän raýatlarymyz dürli maşklary ýerine ýetirip sport bilen yzgiderli meşgullanýarlar. Ylaýta-da, ruhy zähmet bilen meşgullanýan adamlara maşklaryň görnüşlerini ýerine ýetirmek diýseň zerur. Bu bolsa uzak günki çekjek zähmetiňe hyjuwly ýapyşmaga ýardam berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuşyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ynha, ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, ýörite sport mekdepleriniň bardygyny görmek bolýar. Ynsan üçin iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny goramak we onuň ömrüni uzaltmak ynsanýetiniň arzuwlap gelen esasy islegidir. Häzirki wagtda bu arzuw- islegler biziň ata Watanymyzda hakykata öwrülýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ähli tagallalaryň sagdyn jemgyýeti gurmaga, halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda bolelin ýaşamagyna gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar, asuda bolelin durmuşda ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlarymyz çäksizdir.
Döwletgeldi Tagandurdyýew
TKA-nyň Boldumsaz etrap
birleşmesiniň baş buhgalteri