TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ŞÖHRATYM, ŞANYM- BEDEW
15.09.2026 Çäk birleşmeler

ŞÖHRATYM, ŞANYM- BEDEW

    Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly gymmat bahaly eserini okanymyzda “Behişdi bedewler” diýlip atlandyrylýan gamyşgulak Ahalteke bedewlerimiz baradaky gymmatly we taryhy maglumatlar bilen giňişleýin tanyşyp bolýar. Bu eseriň bölümlerinde bedew atlar barada getrilýän taryhy we şonuň bilen birlikde häzirki wagtda amala aşyrylýan hereketler barada görkezilen täsirli maglumatlar okyjyda aýratyn gyzyklanma döredýär we ynsan kalbynda içgin duýgulary oýarýar. Ondan başga-da bu eserde bedew atlaryň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän owadan reňkli fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu kitapda “Gadymy türkmen taryhynyň tebigatdan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen Ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münilýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi” diýen çuň manyly setirleriň üsti bilen Ahalteke bedewleriniň aýratynlyklary we näderejede gymmatly baýlykdygy  görkezilýär. Bu eserde tutuş dünýäniň atçylyk sungatynda öçmejek yz galdyran Ahalteke bedewleriniň 32 sanysynyň gelip çykyşy, olaryň atçylyk älemindäki orny we bu atlaryň atçylyk sportyndaky gazanan üstünlikleri hem-de gözellik baradaky ajaýyplyklary wasp edilýär. Şol atlaryň arasynda öz döwründe aýlawlary baglan, “XX asyryň iň oňat sport bedewi” adyna mynasyp bolan “Absent”, ondan başga-da “Arap”, “Perepel”, “Penteli”, “Geren”, “Magara”, “Propeller” ýaly hem-de biziň Döwlet nyşanlarymyzyň biri bolan tugramyzyň merkezinde ýerleşdirilen ady belli “Ýanardag” atly bedew baradaky täsirli maglumatlar bar. Ine, geçen müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda şeýle ajaýyp gymmatlyklaryň biri hasaplanýan Ahalteke bedewiniň arassa tohumy kemala geldi. Arkama-arka dowam edip gelýän milli seçgiçilik we seýisçilik ýollary arkaly biziň döwrümize çenli asyl nusgasynda geçip gelen bu tohum tutuş dünýädäki iň arassa ganly at tohumlarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Milli atşynaslarymyz bedewleriň gözüňi gamaşdyryp barýan 8 reňkini kemala getirdiler. Ahalteke bedewlerimiz özleriniň owadan çeýe syraty bilen görenleri haýrana galdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ýurdumyzda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýlen hormatly derejeli at döredildi. Owadan we kämil bedewleriň gaýtalanmajak nusgalaryny ýetişdirip, bu ugurda aýratyn hyzmatlary bitiren atşynaslaryň birnäçesi bu hormatly adyň mynasyp eýeleri boldular.

   Goý, bedew bady bilen ösüp, geljegi nazarlap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belende galsyn. Biziň şeýle ajaýyp zamanada parahat we asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Narmat Rajapow

Şabat etrap hassahanasynyň KA-nyň

ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar