Guşgursak bugdaýyň hormatlanylyp, ekinleriň soltany hasaplanylmagy ýöne ýerden däl. Çünki, bugdaý unundan taýýarlanylýan dürli nygmatlar saçaklarymyzyň rysgal-berekedi. Şonuň üçin hem berkarar ýurdumyzda gallaçylygy ösdürmäge, öndürilýän azyklyk bugdaýyň ýokary hilli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jogapkärli möwsüm bolan güýzlük bugdaýyň ekişini hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirmek baradaky öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyrlaryna bugdaý ekilmeli ýerleri doly suwarylyp gutaryldy. Kuwwatly traktorlara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň öndürijilikli işi netijesinde her günde 90-120 gektardan gowrak ýere bugdaý halyly ekilip daýhan birleşigi boýunça 13200 tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşigiň gallaçylarynyň maksady güýzlük bugdaý ekişini tiz wagtda tamamlamakdan ybarat. Asylly maksatlaryň hasyl bolmagy bugdaýyň öndürilişine ýene-de öňegidişligiň boljakdygynyň kepilidir. Ekiş döwründe daýhan birleşigiň kärendeçilerden Geldiýew Gurban, Taýjanow Rejepdurdy, Jamalow Durdymät dagylar tutanýerli zähmetleriniň netije bermegi ugrunda birnäçe işleri amala aşyrýarlar.
Daýhan birleşigiň edermen kärendeçileri oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredip berýän, şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli oba hojalyk özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Ata Taýjanow
Akdepe etrabynyň Babadaýhan daýhan
birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy