Düýn, her ýylyň 10-njy oktýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda bütin yklymyň syýahatçylyk dürdäneleriniň biri hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde “Ähliumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa GDA-na agza döwletleriň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri we beýleki döwletleriň gyzyklanýan wekilleri gatnaşdylar. Tutuşlygyna alanyňda ynsan saglygyny goramaklyga, dikeltmeklige hem-de adamlary elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjin etmeklige bagyşlanan bu halkara maslahatda gün tertibiniň birnäçe degişli ugurlaryna giňişleýin seredilip geçildi. Ýokary guramaçylykly ýagdaýda guralan bu halkara maslahat dürli ýurtlardan gelen hünärmenleriň hem-de ýerli hünärmenleriň arasynda özara pikir we tejribe alyşmalaryň esasynda guralypdyr. Bu bolsa maslahatyň täsirliligini has-da ýokarlandyrdy. Her bir edilen çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu asylly işler saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler babatda taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmaklyga ýardam berýän asylly işlerden nyşandyr. Mahlasy, bu işleriň ählisi ynsan saglygyny goramaklyga gönükdirilen ajaýyp başlangyçlardyr.
Bu gün adamlaryň saglygyny goramak işlerini ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly başlangyçlar BMG ýaly iň uly halkara guramalaryň esasy iş ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şeýle asylly başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen bolsa biziň abadan ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda bu abraýly guramanyň düzüminde esaslandyrylan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna agzalygyna girdi. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýulan sepgitlere ýetmek işinde Lukman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny görelde edinýäris. Saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň beýleki döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bolsa Saglyk Maksatnamamyzyň durmuşa geçirilmeginiň üstünlikli dowam etdirilýändiginden aýdyň nyşandyr. Bu gün Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň saklanmagynyň, howpsuzlygyň üpjin edilmeginiň, durnukly ösüşiň gazanylmagynyň we ysnyşykly halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň saklanmagynyň hem-de ynsan saglygynyň goraglylygynyň bähbitlerine gönükdirilen asylly işlerini durmuşa geçirmek babatda nusgalyk işleri alyp barýar.
Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän, şeýle halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Gülälek Saparowa
Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň
Daşoguz şäher geňeşiniň buhgalteri