Ýurdumyzda döwrüň ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalardyr saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. “Saglyk” Döwletmaksatnamasyna laýyklykda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işler we belent özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini hasda ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek” atly 2026-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli maksatnamanyň esasy wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän netijeli işleriň nobatdaky subutnamasydyr.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr” diýen sözleri ýurdumyzda adam saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi ugrundaky işleriň jemgyýetimizde ýokary derejede alnyp barylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýän uly güýç hökmünde öňe sürülýär.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň sagdyn jemgyýetde ösüp-kemala gelmegi ugrunda irginsiz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Dädişow Seilbaý
Gubadag ertap hassahanasynyň
KAIG-nyň başlygy