Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň güwäsi bolup durýar.
Golaýda, Görogly etrabynyň 3-nji sport mekdebinde Türkmenistanda hereket edýän düzgünnama esasynda sportuň aşikara karate görnüşi boýunça toparlaýyn we agram derejelerinde etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli we gyzykly häsiýetde geçen ýaryşda ýeňiji bolanlara TKA-nyň etrap birleşmesinden gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Aýnabat Saparowa
TKA-nyň Görogly etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni