TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / PARAHATÇYLYK- ASUDA DURMUŞYŇ GÖZBAŞY
27.08.2026 Çäk birleşmeler

PARAHATÇYLYK- ASUDA DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

   Parahatçylyk ýa-da abadan durmuş düşünjesine Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserindäki “Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewiligidir. Parahat söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar. Ýaşaýşyň süýjiligi parahatçylykda. Halkymyzyň gulagy dynçlyk, rahatlyk, arzuwlarynyň gözbaşy- zeminiň parahat ýaşaýşy hakyndaky arzuwlarydyr” diýen setirleriň üsti bilen anyk kesgitleme berilýär. Bu ajaýyp eserde ynsan ogluny bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri bolan parahatsöýüjilik barada birnäçe tymsallara we ýatlamalara ýüzlenilýär. Şol tymsallaryň birinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň üsti bilen parahatsöýüjilik düşünjesiniň adamyň durmuşyndaky ornuna ullakan baha berilýär hem-de Şükür bagşynyň şirin sözüň we ajaýyp sazyň güýji bilen parahatçylykly ýol bilen öz agasy Berdini ýesirlikden hiç hili uruş-gykylyksyz azat edişi hem-de öz ata-Watanyna alyp gaýdyşy baradaky sahnalardan galan täsirli ýatlamalarda parahatçylygyň gudraty açylyp görkezilýär. Ýogsam, sözde we sazda jadyly gudrat bolmadyk bolanda ýokardaky waka başgaça çözülerdi. Uruş ody tutaşyp garagöz çagajyklar ýetim galardy, iki tarapdan hem gan dökülerdi. Emma, biziň gadymy halkymyz uruş-gykylygyň däl-de parahatçylygyň, asuda durmuşyň tarapdary bolupdyr. Bu eserde parahatçylykly ýollar bilen hem uly meseleleriň çözülip bilinjekdigini görmek bolýar. Ýokarda agzalan tymsalda bolsa bu waka baradaky täsirlenmelere çuňlaý seljerme berilýär. Ata-babalarymyzdan bize miras galan bu asylly däpler bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem asyl nusagsynda dowam etdirilýär. Häzirki wagtda biziň ata-Watanymyzda beýleki halklar bilen özara parahatsöýüjilikli taglymata esaslanýan dostana gatnaşyklar alnyp barylýar. Bu bolsa gadymy halkymyzy bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biridir. Hut, şeýle parahatsöýüjilikli ajaýyp taglymatymyza hormatyň nyşany hökmünde bolsa biziň baky Bitaraplygymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç sapar resmi taýdan yglan edildi.

   Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Dünýäde parahatçylygy üpjin etmek ugrunda beýik maksatlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

 

Amanmyrat Geläýew

Akdepe  etrap  hassahanasynyň  KA-nyň

ilkinji  guramasynyň  başlygy

Degişli Habarlar