Köneürgenç etrabynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 18000 gektar ýerde gowaçanyň biziň toprak howa şertlerimize oňat uýgullaşan görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Kärendeçiler şu günler gowaçalara güniň talaplaryna görä ideg edip, möwsümleýin meýdan işlerini berjaý edýärler. Kärendeçileriň päk zähmetiniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen "ak altyny" bökdençsiz kabul etmek we taýýar çig mal görnüşinde gaýtadan işlemek hem möhüm işleriň hatarynda durýar. Bu ugurda Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada hem işler sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň garamagyndaky 7 sany pagta kabul ediş harmanhanalarda abatlaýyş işleri geçirildi, pagta hasylyny kabul etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Kärhananyň garamagyndaky traktorlaryň 24 sanysy, tirkeg teleşkalaryň 54 sanysy abatlanyp, zerur tehniki hyzmatlar görkezildi. Bu tehnikalar taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda peýdalanylar. Kärhanada hereket edýän labaratoriýalarda hem degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Bu labaratoriýada pagtanyň çyglylyk, arassalyk ýagdaýy barlanyp, pagtanyň hil derejesi kesgitlener. Şeýle hem kärhananyň işgärleri bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, tehniki howpsyzlyk barada düşündiriş we okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanada ähli taraplaýyn taýýarlyk işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy pagta ýygymy möwsüminde Watanymyzyň baş baýlyklarynyň biri bolan "ak altyny" bökdençsiz kabul etmäge uly mümkinçilik berer.