“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynda welaýatymyzda pagta ýygymy möwsümine 2026-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda girişmek barada hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi ähli ildeşlerimiziň begendirdi. Şu gün Daşoguz welaýatynyň bereketli topragynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il sylagly ýaşulularyň “bismillasy” bilen pagta ýygymyna girişildi. Welaýatymyzda şu ýylyň pagta ýygymy möwsümine girişilmegine bagyşlap Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde welaýatyň oba hojalyk işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we başga-da dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda uly dabara beslendi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary ýurdumyzy, bagtyýarlyk döwrümizi, mähriban Arkadagymyza bolan ýürek buýsançlaryny öz döredijiliklerinde beýan etdiler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barýan pagtaçylara ruhy lezzet paýladylar. Şu ýyl welaýatyň Şabat etrabyň pagtaçylary 18700 gektara ekilen gowaçadan 40100 tonna pagta tabşyrmagy maksat edinýärler. Pagtaçylaryň bu maksatlarynyň hasyl boljakdygyny pagtaly atyzlary synlanyňda hem aýdyň duýmak bolýar. Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň ilkinji “ak altyn” kerweni hatar gurap, pagta arassalaýjy kärhanasyna ugradyldy.
Dabarada çykyş edenler welaýatymyzyň pagtaçylarynyň her ýyl bolşy ýaly, bu ýylky pagta ýygymy möwsümini hem talabalaýyk geçirip, uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna berk ynamyň bardygyny aýratyn nygtap, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlara uly hemaýat-goldowlar berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Abatgylyç Nazarow
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Şabat etrap birleşmesiniň başlygy