Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşigi oba hojalyk işleriniň ählisinde beýleki daýhan birleşiklerden aýratyn tapawutlanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamasyny artykmajy bilen ýerine ýetirendiklerini aýtmak bolar. Şu taryhy ýylymyzda daýhan birleşigiň pagta kärendeçileriniň ýylyň dowamynda çeken yhlasly zähmetiniň netijesinde ak altynyň bol hasyly kemala getirildi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy, il sylagly ýaşulularymyzyň “bismillasy” bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişen Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginiň kärendeçileri pagta ýygymyny gün-günden ýokary depgilerde dowam etdirýärler. Şu ýyly daýhan birleşigiň 270 kärendeçisi 6-sany kärendeçiler toparynda 675 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçileriň ählisi özleriniň päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly gysga wagtda ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda maşgala agzalary bilen ir ertirden giç agşama çenli gaýratly zähmet çekýerler. Şonuň netijesinde “ak altyn” harmanlarymyz barha beýgelýär. Taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda Pagta arassalaýjy kärhanasynyň mehanizatorlary yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşikde şu günler Toýly Gulmyradow, Mädrim Halmyradow, Bazarbaý Rejepow ýolbaşçylyk edýän 2-nji, 3-nji, 5-nji kärendeçiler toparlarynda pagta ýygymy has-da ýokary depginlerde barýar.
Aýbibi HAÝTJANOWA
Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan
birleşiginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
ilkinji guramasynyň başlygy