TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / PAGTA BIZIŇ BAÝLYGYMYZ
PAGTA BIZIŇ BAÝLYGYMYZ
22.09.2026 Çäk birleşmeler

PAGTA BIZIŇ BAÝLYGYMYZ

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba senagat toplumynda hem uly ösüşler gazanylýar.Oba hojalyk pudagynda esasy ekinleriň biri hasaplanýan pagta ýurdumyzyň milli baýlygydyr.Pagta dünýä ykdysadyýetinde we dokma senagatynda iň wajyp orun tutýan çig mallaryň biri hasaplanýar. Halkymyzyň oba zähmetkeşleri her ýyl pagtanyň hem-de bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.Oba hojalyk pudagynda babadaýhanlarymyza döwlet tarapyndan köp sanly ýeňillikler döredilýär. Şeýle ýeňilliklerden peýdalanyp yhlasly zähmet çekýän pagtaçylarymyz “ak altynyň“ bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Eýýäm gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan babadaýhanlarymyz öz zähmet üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ullakan baýramçylyk sowgatlary bilen barýarlar. Ýurdumyz dünýäde esasy pagta öndürijileriň we eksport edijileriň hatarynda durýar. Ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almakda bolsa daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň rejeli ulanylmagy bu ugurdaky işleriň ilerlemegine ýardam berýär.

    Goý, halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Garyman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutymly işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýjennet Amangeldiýewa

TKA-nyň Boldumsaz etrap

birleşmesiniň kätibi

Degişli Habarlar