TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÖSÜŞLERIŇE ŞAN GOŞULSYN, WATANYM!
27.08.2026 Çäk birleşmeler

ÖSÜŞLERIŇE ŞAN GOŞULSYN, WATANYM!

    Bu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany”  şygary bilen atlandyrylan ýylymyzda her bir günümiz deňsiz-taýsyz  üstünliklere beslenip dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde gazanylan ösüşlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “-Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr” diýip belleýän şygarynyň durmuş ýüzünde öz beýanyny tapandygyny aýdyň görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarymyzda medeni, syýasy we ykdysady ösüşlerimiz ýokary derejelere baryp ýetdi. Döwletimiz häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp ornuny tapdy. Ýurdumyzda okamak, halal zähmet çekmek we asuda durmuşda ýaşamak üçin döredilip berlen ajaýyp şertler bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbitlerine gönükdirilen asylly işleriň esasyny düzýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyran işlerimiziň ählisi hem il-günüň bagtyýar geljeginiň bähbitlerine gönükdirildi.

    Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň mähriban diýarymyz senagat we ykdysady taýdan kuwwatly we şonuň bilen birlikde dünýä bazarynda ýangyç we energetika ulgamynda tutuş dünýä boýunça esasy orunlaryň birini eýeleýän ösen döwlete öwrüldi. Indi biziň ýurdumyz diňe bir önüm öndürmek ýa-da önümleri senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen çäklenmän, eýsem, öndüren önümlerini dünýä bazaryna eksport edýän häzirkizaman bazar ykdysadyýetine eýe bolan kuwwatly döwletleriň biri hasaplanýar. Ykdysady ösüş depginimiziň ýylyň-ýylyna durnukly ýagdaýda saklanmagy bolsa biziň ýurdumyzda il-günüň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň gowulanmagyna ýardam edýär.

   Goý, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn. Işlemek we ýaşamak üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Amanmyrat Geläýew

Akdepe  etrap  hassahanasynyň  KA-nyň

ilkinji  guramasynyň  başlygy

Degişli Habarlar