TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ÖSÜŞLERE BADALGA
ÖSÜŞLERE BADALGA
24.09.2026 Çäk birleşmeler

ÖSÜŞLERE BADALGA

Döwletli işleri halka geňeşmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol ýörelgedir. “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz“ diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir döwletli  işiň başyny başlanda il-halk bilen   geňeş edip, onda öňde goýylan maksatlary  ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz tagallasy bilen  Halk Maslahaty  ýurdumyzyň  jemgyýetçilik –syýasy durmuşyna  mynasyp goşulyp, täze döwrüň jemgyýetçilik  gatnaşyklarynyň  ata-babalarymyzdan  miras galan däp dessurlar  esasynda alynyp barylandygynyň, agzybir we jebis  halkymyzyň  öz belent gymmatlyklaryna  üýtgewsiz ygrarlydygynyň  aýdyň  beýanyna öwrüldi. Halk Maslahaty  Gahryman Arkadagymyzyň  alyp barýan “Döwlet adam üçindir!” diýen baş  ýörelgesine  salgylanýan döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň miwesidir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 23-nji sentýabrynda guramaçylykly geçirilen  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi Halk häkimiýetiniň esasy wakalarynyň biri bolup  durýan  ählihalk maslahatynyň jemgyýetçilik ösüşiniň täze tapgyrynda  mazmunynyň  özgerdilmegi bilen  jemgyýetimiziň , döwletimiziň we raýatlarymyzyň utgaşýan bähbitlerini  dolulygyna kanagatlandyrjakdygyny aýan etdi “Türkmenistanyň Halk Maslahaty  hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyda kesgitlenişi ýaly Halk Maslahaty Halk häkimiýetleriniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Halk maslahaty raýat jemgyýetiniň  hem esasy ulgamy  bolup durýar.

    Raýar jemgyýetiniň  kämilleşmeginde  möhüm wezipäni  ýerine ýetirýän  Türkmenistanyň Halk Maslahaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly  döwründe Döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde  maksatnamalaryň birleşigini ösüş ýollaryna  bolan garaýyşlaryň bitewiligini hakykat ýüzünde  ýene-de bir gezek  aýan etdi. Halkymyz Halk  Maslahatynyň  jemgyýeti bitewileşdirmekdäki aýratyn ornuna Gahryman Arkadagymyzyň  bu maslahatda orta atan  döwlet ähmiýetli  başlangyçlary  arkaly  has aýdyň göz ýetirmäge  mümkinçilik aldy. Şol başlangyçlar  giň derwaýys ösüş wezipelri  bilen baglanşyklydyr. Olar ýurdumyzy  hemmetaraplaýyn ösdürmäge, jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň özgerdilmegine, Türkmenistanyň Halkara  abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyna uly mümkinçilik bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, umumylykda  ykrar edilen demokratik  ýörelgeleriň  esasynda halkymyzyň baý taryhy durmuşyna  esaslanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  35 ýyllyk şanly  toýunyň öňisyrasynda, Aşgabat şäherindäki Maslahatlar köşgünde ýokary derejede geçirilen  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy Mejlisi döwürleriň we nesilleriň  arabaglanşygynyň  üznüksizdiginiň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem belent üstünliklere beslenen Halk Maslahatynyň Mejlisinde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, ykdysady, durmuş, saglyk, medeni ýagdaýyny  mundan beýläkde  ösdürmek babatda  öňe sürmek  teklipler goldanylyp  gelinen netijeler, kabul edilen  kararlar mähriban  ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine  itergi berer. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden  möhüm çözgütleriň, hem kararlaryň ýerine ýetirilmegine saldamly  goşant goşmak  her birimiziň  mukaddes borjumyzdyr.

    Halkymyzy Arkadagyň “Ak ýoly “ bilen rowaçlyk  menzilleri bilen  ynamly  öňe alyp barýan , halkymyzyň sagdyn  durmuşda  ýaşamagy üçin bimöçber tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, tutumly işleri rowaçlyklara  beslensin.

 

Maral DÖWLETOWA

Hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň buhgalteri

Degişli Habarlar